atakulyyewa_humay
28.05.2023 10:03

Öz ölüm gününi hasaplan meşhur matematik: Abraham de Moivre


Fransuz matematigi Abraham de Moivre öz ölüm gününi hasaplady we ony 1754-nji ýylyň 27-nji noýabry hökmünde kesgitledi. Meşhur matematik edil şol gün hem aradan çykdy.

Abraham de Moivre, Fransiýada bir protestant maşgalasynda dünýä indi we çagalygynda matematika bilen tanyşdy, şol döwürde dünýäde ýeke-täk ähtimallyk kitaby bolan Gollandiýaly matematik Christiaan Huygens tarapyndan ýazylan «Ratioci niis in ludo aleae» kitabyny okamak bilen matematika bilen tanyşdy.

Bu kitapdan haýran galan De Moivre ömrüni matematik bilen geçirmegi ýüregine düwdi we beýleki ugurlarda işlemegini dowam etdirse-de ähtimallyk bilen gyzyklandy. Ol öz döwründe Angliýada ýaşap baýlaryň çagalaryna hususy matematika sapaklaryny berdi.

Meşhur matematik ýaşy ýokarlandygyça agyr ýadawlyk sebäpli ukusynyň her gün takmynan 15 minut artýandygyna göz ýetiripdir. Ähtimallyk we statistika bilen gyzyklanýandygy üçin Abraham de Moivre öz ölüm gününi hasaplamak bilen bagly derňewlere girişýär. Netijede, özüniň ortaça ölüm wagtyny ýüze çykarypdyr (1754-nji ýylyň 27-nji noýabry). Fransuz matematik öz hasaplamalaryndan 2-3 aý soň hakykatdanam hem öz aýdan güni, ýagny 1754-nji ýylyň 27-nji noýabrynda aradan çykypdyr.


21
524
Azik
29 May 2023
Bitter Ol döwürde maşyn yokdyra
okyjy dz
29 May 2023
Bitter, akylyňa döneýin👍
lalahan
28 May 2023
Gowy maglumat 👍👍👍
atakulyyewa_humay
28 May 2023
Bitter, Salam. Ähtimallyk nazaryýeti we statistika esasynda...
Dusia
28 May 2023
Şeýle bir adamlar bar öz sözi, kariyeri, başgalaryň düşünjesi üçin janyny pida edip bilýän)
çynara
28 May 2023
senorita yslam dini hakynda bilýäňizmi?
çynara
28 May 2023
bolya maslahatyňyzy allym😀
senorita
28 May 2023
çynara, õwrenseñiz Muawryñ bu işi edendigini azragam bolsa ynanmagyñyz mũmkin
çynara
28 May 2023
yok ýöne öwrenmeli etdiňiz😁
senorita
28 May 2023
çynara, ãhtimallyklar nazaryýeti barada bir zatlar bilýãñizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.