akmedowa dursun
28.05.2023 01:29
Mertlige tagzym
Hañlap duran boş jaýyñ ortasynda köneje ýorgany başyna çekip ýatan adam käte bir bolaýmasa, köpden bäri daşda-içde görnenokdy. Howlusynyñ içi öýündenem ýürekgysgynçdy. Oñly girim-çykym bolmansoñ, birlän-ikilän gapyñ agzynda biten hem-de mellekdäki dyza ýeteñkirläp, saralyp başlan otlar howlyny hasam gözgyny görkezýärdi. Birden gezip ýören awara şemal äpişgäniñ döwük gözünden kürsäp girdi-de, ony arkanlygyna serpip goýberdi.Şakyrda zähresi ýarylan öý eýesi lañña galyp, dik oturdy. Ol şol oturşyna hol yzda galan-bagtly bolan süýji günlerini ýatlap, öz-özüne teselli berjek bolup şubela jan etdi. Ýöne başarmady. Berdiniñ gum dykylan ýaly bolup, güwläp duran kellesinde ýene-de şol öñki-ýarym ýyl bäri beýnisini iýip barýan pikirler terslin-oñlyn at salyp başlady. "Deñ-duşlarym ogluny öýerip, gyz çykardylar. Agtyk söýüp ýörler.Maña o bagtlaryñ birem nesip etmedi. Öz külbämi öz elim bilen dargadyp, ynha, indem iki ogully, iki gyzly halyma tüwmaýak bolup otyryn-a men. Wah-wah balajylarymy sülgüniñ jüýjesi ýaly dyr-pytrak etdim-dä. Olar ataly ýetim bolup, daýylarynyñ çöregini iýip ulaldylar. Gülälek görgüli nätdikä? Oglumyzyñ ulusyn-a öýerensiñ, Gülälek! Uly gyzymyzam ýetişip ýörendir, wiý ýogsa-da şol näçe ýaşadykan-a? Heý dolanmazmykalar? Aý, ýok-la. Nämüçin gelsinler?! Menden eşret gördülermi ýa eklenç- gazanç iýdirdimmi? Sandan gslamsoñ, düzelemde näme?! Çülpe çagalaryñ keşigini Gülälegiñ gerdenina atyp, indem ählisiniñ ýetişip, eliniñ işe, agzynyñ aşa ýeten wagty nä ýüzüme olara görneýin. Gülälek sen geçirimli gelindiñ-ä, arkalydyñ-a. Özüñ bagyşlaýmasañ, çagalar-a bilmedim-dä..."
...Berdiniñ bagtyna gelni Gülälek "baran öýüniñ ody bilen girip, küli bilen çykýa" diýilýän maşgala boldy. Diline almasa-da, gelniniñ bir diýenini iki aýtdyrman, hyzmat edişine, hasam ýarawsyz ejesiniñ göwnüni tapjak bolup azara galyşyna daşyndan guwanardy. Ýöne Berdi bu bagty uzak göterinip bilmedi, içmäni çykardy. Asla, onuñ üçin dünýäniñ bar gyzygy, oýun-şatlygy çüýşe bilen bulgurda jemlenen ýaly bolaýdy. Aýlyk-günlüginden öýe kör-köpügem getirmezdi, küýi-köçesi içgidi. Onuñ üstesin-de gün gijigiberdigi öýdäkiler edil ýagy geljek ýaly ýaýdanyşyp ugrardylar. Onsoñ öýde çagajyklaryñ şadyýan jagyl-jugulyna suw sepilen ýaly bolardy. Oña derek sehoş kakalarynyñ bazzy-buzzy edip peltekleýän samramasy eşidilip ugrardy. Mähriban kävesiniñ käýineni, naçar doganlarynyñ ynjalman, günde-günaşa gelip ýalbarmalary Berdiniñ gulagynyñ ýele ýanyndanam geçmezdi. "Jigim, sen öý-ojagyñ daşynyñ galasy bolup gorap oturmaly halyña bu, gündeki turuzýan bulagaýlygyñ näme? Bizden kiçi bolsañam, sen kakamyzyñ ornunda otyrsyñ-a. Ýeke erkek göbeklimiz sen ahyry, Berdi jan. Ejem bar diýip geläýýäs, señ derdiñden bez bolduk, ildenem utanýas" diýip, aglardylar. Şol goh-galmagally günleriñ birinde onsuzam ýarawsyz Aknur ejäniñ gan basyşy erbet ýokarlandy-da, dünýäsin täzeledi oturuberdi. Aýal doganlaram, goñşy-golamlaram, Gülälegem Berdi indi öküner, pälinden gaýdar öýtdüler. Ýöne ondan edilen tama çykmady. Käbesiniñ belli günleri sowulýança zordan çydam edip, ol ýene öñki endigine başlady. Ogluna bir-de käýýäp, bir-de höre-köşe edip, gelnine basalyk berip oturan mähriban enäniñ ýoklugy Gülälegi juda ýekesiretdi, ejizletdi. Halys çydamy gutaran gelin "bismylla" diýip, höwes bilen ãtlän bosagasyny çagajyklaryny yzyna tirkäp, terk etmãge bejbur boldy. Onsoñ Berdä içse, "içýäñ" , öýüñ ownuk-uşagyny satsa, "satýañ" diýýän ýokdy. Şonuñ üçin hem ol bada-ha içgiñ keýpi bilen bu ýitgileriñ awusynam gaty bir duýmady. "Tañryñ güni darydan kän diýileni-dä, herki zadyñ soñy barda... Ynha, indem ençeme ýyldan soñ ahmyrda-armanda bolup oturşydy.
Ol soñsuz pikirlerden ýaña bizar bolup, "Öwhh..." etdi-de, başyny galdyrdy. Garşysyndaky diwardaky ejesi görgüliniñ çañ- tozan basan keşbi oña dikanlap seredip durdy. Oña gözi düşen Berdiniñ tapsyz göwresi elenip gitdi. Ol ýerinden turup suratyñ ýanyna bardy-da, ýeñi bilen onuñ çañ-tozañlaryny süpürişdirip, şol ýerde dyzyna çökdi. Ol kalbynda köwsarlap başlan "Ejem jan, ejem-ä! Men nämeler edipdirin-ä. Meniñ gadyr bilmezligim, mesligim seniñ ömür tanapyñy gysgaltdy-da, mähribanym! Meniñ seniñ ruhuñ öñünde-de, çagalaryñ öñünde-de iki dünýe ýüzüm garadyr, käbäm! Sen gezip ýörenligiiñde men şu günlere düşüp, gara ýurtda garalyp galarmydym" diýen sözleri ulili bilen gygyryp aýdasy geldi. Ýöne gözünden suw-sil bolup akýan gözýaşlar demligine dykylyp, gursagyny ýaryp barýan bu sözleri daşyndan aýtmaga teý, maý bermedi. Ol sözleriñ indi asla geregem ýokdy... Birhaýukdan soñ ol süýrenjiräp, düşegine bardy-da, ýene-de gyşardy. Günüñ jaýyñ günbatarky äpişgesinden düşýän tylla tyglary Berdä her biri ýyla dönýän ýüregedüşgünç gijeleriñ ýene biriniñ gelýändigini ýatlatýardy. Ol irkiljiräp ýatyşyna göwnüne bolmasa, öýüñ içine zenan maşgalanyñ ýakymly ysy ýaýran, asla biriniñ dem alşam eşidilen ýaly boldy. Gözüni açsa, bu süýji düýşünden aýñalaryn öýdüp, gözüni öñküdenem berk ýumdy.
-Berdi-di-i-i, Berdi-i...
Adynyñ tutulanyny anyk eşiden öý eýesi ýalpa gözüni açdy. Ýöne görýän zatlarynyñ huşdugyny, düýşdügini bilibilmän, janserek bolup otyrdy: onuñ gapdalynda çynar ýaly ýigit bilen goltugy bäbekli gelin ýylgyryp durdy. Onýança şo-ol bir mahalky märiban ses eşidildi:
-Ynha, ogluñ bilen gelniñi getirdim, Berdi.
Agtygyña-da ejeñ pahyryñ adyny dakdym.
Nämäniñ nämedigine düşünen Berdiniñ begençden ýaña gymyldamaga-da, gürlemäge-de rowgaty galmady. Barja güýjüni jemläp, "Gülälek, seniñ şeýtjegiñi bilýärdim-ä" diýmäge zordan kuwwat tapdy. Şol pursat onuñ gözünden togalanyp gaýdan goşa düwme zenan mertligine bolan tagzymyñ nyşanydy.

Ejegyz Çaryýewa.
31
411
yurek
4 Iýun 2023
Onat yazylan hekaya berekella!
Myhman
31 May 2023
Haladym gaty gowy 👌👌👍👍
Myhman
31 May 2023
Manyly gaty gowy 👍👍👍👍👍👍👍
lalahan
28 May 2023
Gulalek yaly mert zananlarymyzyn su dunyade bardygyna hudaya sukrana aydasyn gelya adamzadyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.