atakulyyewa_humay
27.05.2023 20:25
Aý bir wagtlar Ýere häzirki döwürden has ýakyndy. Gynansak-da, Aý her ýyl takmynan 4 sm töweregi bizden daşlaşýar. Munuň sebäbi nämekä?

Mälim bolşy ýaly, Aý Ýer ýüzündäki dartyş güýjünden peýdalanýar. Bu dartyş güýji ummanyň suwlarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Biz muny «tolkun» hökmünde bilýäris.

Suwlar ýokarlansa Dünýä suwuň astynda galýar. Suwuň ýokarlanmagy bilen onuň töwereginde aýlanýan Ýeriň arasynda sürtülme güýji ýüze çykýar. Bu sürtülme güýji Ýeriň aýlanma tizliginiň haýallamagyna sebäp bolýar.

Bu haýallama gaty az bolsa-da, ölçenilip bilindi. Bu haýallama sebäpli Aý her ýyl Ýerden takmynan 4 sm uzaklaşýar.

Bu ýagdaý hemişe dowam edip durarmy?

Elbetde, ýok. Ýer belli bir derejede haýallamagyny dowam etdirse, belli bir wagt Aýyň orbita tizliginde aýlanmaga başlar. Bu ýagdaýda Dünýä bilen Aýyň arasynda deňagramlylyk bolar we Aý mundan beýläk ýerden uzaklaşmaz.

23
370
Myhman
31 May 2023
Ýylda 4sm bolsa mena gynanamok
atakulyyewa_humay
28 May 2023
olia, hawa ol aytyanyna dogry, ýöne mena soňky wagtlarda Ay ýerden daşlaşyar diyen prognoza kop wagt gelýän, galanynam bilemedimda 🤷
olia
28 May 2023
okayjy, 😁😂
okayjy
27 May 2023
olia, Gelnejem öýden kowsun 😅
olia
27 May 2023
atakulyyewa_humay, dogrusy hasaplamalary bar shu zatlaryn yone hersine seretsen dogry yaly🤷🏻‍♀️
olia
27 May 2023
okayjy, calshyp goyberin:) pasuda arzanlada😂
atakulyyewa_humay
27 May 2023
okayjy, ,,Sabryň soňy sap altyn" hem diýipdirlerä... Gyssanmaň! Kä wagt sabyr edip garaşmak iň gowy derman bolup durýar...
okayjy
27 May 2023
atakulyyewa_humay, Sabyrly gul dura bara şat bolar diýýädiler 🤔. Ýöne sabyr käsäñem düýbi deşiler bir gün...😶
atakulyyewa_humay
27 May 2023
okayjy, bah, onda düzediş işleri geçirilyan bolaymasyn 🤔Nesip bolsa has gowusy boljakdyr 🙂
okayjy
27 May 2023
atakulyyewa_humay, Şu wagt kabul edenok... 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.