atakulyyewa_humay
27.05.2023 14:03
Ýer ýüzünde takmynan 165 million ýyl ýaşan dinozawrlaryň ýok bolmagynyň sebäbi, planetamyza gaçan äpet meteorit bolup durýar.

Meksikanyň Ýukatan ýarym adasyna takmynan 60-65 million ýyl ozal degen bu meteoritiň diametri takmynan 10 km diýlip çaklanylýar. Meteorit Ewerest dagyndan hem birneme uludyr.

Ýer bilen çaknyşan meteorit 1 milliard töweregi ýadro bombasynyň energiýasyna deň energiýany döretdi. Meteorit takmynan 40 km gabygy döwüp, mantiýa girdi we diametri 180 km bolan ullakan krater döretdi. Bu meteorit çaknyşmazdan birnäçe gün öň, Asmanda görnüpdir. Ýere gelip urlan güni howany uly güýç bilen gysan meteorit uly ýagtylygy döretdi. Bu ýagtylyk birnäçe haýwanlaryň gözüni kör etmek üçin ýeterlikdi.

Ses ýagtylykdan haýal bolany üçin, meteoridiň sesi birnäçe sagatdan soň dünýäniň beýleki ýerlerine ýetdi. Meteorit Ýere uranda, goýberlen energiýa, tramplin ýaly titremegine sebäp bolan elhenç zarba tolkunyny döretdi. Dünýäniň her sebitinde diýen ýaly azyndan 10 bala ýetýän ýer titremeleri we sarsgynlar boldy. Şeýlelik bilen, ilkinji zarba tolkunlarynda täsir meýdanyna ýakyn geografiýalardaky haýwanlaryň (hatda äpet dinozawrlaryň) ölmegine sebäp bolupdyr.

Ýer titremeleri we sarsgynlar dünýäniň birnäçe ýerindäki wulkanlary işjeň ýagdaýa getirdi. Netijede bolsa ummanlarda ullakan tolkunlar we sunamiler döretdi. Wulkanlar müňlerçe ýyllap işjeň ýagdaýda bolup atmosfera zäherli gazlary goýberdi. Bu bolsa şol döwürde ýaşan dinozawrlaryň ýok bolmagyna getirdi.
16
211
atakulyyewa_humay
29 May 2023
Ayla, Azik, Salam. Minnetdar!
Azik
29 May 2023
Gyzykly eken 👍
Ayla
28 May 2023
Birinji sapar esityan
atakulyyewa_humay
28 May 2023
seljukly, Salam. Sag boluň!
atakulyyewa_humay
27 May 2023
Guzela✔, thank you too :)
atakulyyewa_humay
27 May 2023
lalahan, Salam. Minnetdar..!
lalahan
27 May 2023
Gaty gowy maglumat 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.