Jañ et maña , sowaşaýyn öýkämden,
Soñ "wah" diýip gara başyñ ýaýkandan.
Yşk okuny gönder maña peýkamdan,
Gözýetimden ýitemden soñ giç bolar.
Bas bagryña , saklanma sen , gujakla.
Ýaýdanma , gizleme , baryn açykla.
Ýyly mähir tapyp özge gujakda,
Uzak dur diýp itemden soñ giç bolar.
Ýüz öwürmek ýaraşmaýar merdeme.
Howam bol sen içe çeken her deme.
Halym sora , derman gözle derdime.
Hassa bolup ýatamdan soñ giç bolar.
Göwnümi al meniñ bilen ýaraşyp.
Içde men-menligiñ bilen göreşip.
Soñ menden hiç zada ýörme garaşyp,
Bagtym özgä çatamdan soñ giç bolar.
Hajymyrat