Sagat 2-lerde Täze Zamandaky öýmizden geldim Akdaşaýaga, gorsem öýde ussa bar: "salamaleýkum agam armaň" diýip ýaşy ulusyna ýüzledimde ikisi bilenem salamlaşdym. Soňam oýe girdim biraz tele güýmendim we sowaşanymdan soňra 🛀 banýa girip çykdym hezil edaýdim 🌝 indem ýataýyn diýip ýerime geçdim uhlap galarynda diýip pikire çümip ýatyrdym 10-15 minut geçip geçmän aýnamyň öňünde birden başlada taka-taka-taka edip birzat 😕 böküp turdumda seretdim aýnadan görsem ýanky ussa elinde-de plumýot 🙁 stenany atyp dura, çykdym daşary ylgap ýanyna baryp agam name zadai bul diýdim "hylty" diýda, 😊 beraýda agam menem edip goreýin diýdim "ýok agyr zat bu bir ýeriňi agyrdasyn" diýdi onda-da goýman ýalbarypduramsoň bolýa me diýip berdi elime 😬 bile goşulyp gitdima ýere, ussalar güldi-de " heýt dur dur, diýdima agyr zat diýip elimden aljak boldy, beremok agam nädip işleýä bu görkez diýdim, işledip görmesem goýmajagymy bildi öýtýän "ine seret körpe şuňa basýaň bolly işleýä diýip görkezdi, görkezişi öwredişi ýaly edip işletdim 🙂 ýaman erbet sandyratýa eliňi, birazajyk biton döwen boldym ýadatdy 😐 agam size dözüm bersin diýdim içimden we gel şu hylty barada goşgy düzeýinle diýdim, ine şu setirler kellä geldi göni...
Kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy.
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.
Gijä öwrülmezmi
Oň gündiz wagty?
(Şygryma düşüner hylty işledip gören,
işledip görmedik ýitirer
Öz eziz wagtyn).
Ýene şuny biliň men bagtly oglan ekenim
Beýle zat işledip göremok, indi hem işletmen 😐
işletsemem ýüz ýyldan bir gezek işlederin,
Onda-da säheriň
Iň tämiz wagty...