Relax
25.05.2023 21:25
Syke Dali - Yashlyk

Biz bary ýogy ýaş pikirlermiz bar dünýäni
üýtgetjek bolýas ikirjeñlenmän ilkinji ädimden öwretýäler ikinji gelmäni islämok işe gatmany 9dan -6a men bilýän zadymyz ýok diýäler hakykatdan daş akyl ýaşda däl agam aklyñ ýeri baş maslahat ber azajyk ýolda ýedi ölçäp kesmäne ýok bizde gaýçy ýöne ýele garşy ýöre howwa biz ýalñyşýas köplenç bulaşyk işlere burnumy sokmana ökde dyrmuşyñ manysam şonda dämi ýalñyş öwren emedekle ylga ýykyl gal ýykyl ýöre öwren oka soñam döre bular biz ýaly däl díysin gezip gören menä ýaşadym diýer ýaly hakydami dörip öremde o tarapda bolanda hemme zat aýan edenlermi görkezjek bolanda juwan ..

Ýaşlyk sen enetegem ýaş ýalñyş öwren ýaş ýalñyş öwren ýaş...(2)


Wagt gutarmajak ýalydy bizem ýaşkak hemme zady başarýamykak diýädik ene-atamyz düşenenokdy indi durmuş başga diýip zeyrensek gaharlary gelýädi ýaşlygyñ wagty az ine durmuş hakykady pikirlemem dur şol durşyna haýaladym käbir zatlary juwanlykda düşünmek kyn hemme kişiden gowy bilýän pikriñi aýyrda dyn hiç kime ýaranjagam bolma hakyky doslañ bar bolsa näme et señem goldar aýrylmasyn göwinler aýrylsada ýolar arkañdan gep edeni bolsa gün batara ýola söýeñde soñky güniñ ýaly söý pul gelip gider ony ýönekeý kagyz ýaly gör özger öñkiden bilimi gözleýän ýaly dör görkez öziñe başgalar şeýlede görer ynan

Ýaşlyk sen enetegem ýaş ýalñyş öwren ýaş ýalñyş öwren ýaş...(3)

deñiz dyzyña ýetenok juwan wagtynda hemmämiz bir gün ýygyrdy endamyza atynars şol güne çenli näçe ýalñyşsañam gaty az ýalñyşlar sapaga öwrilse bolmaz artykmaç ula hormat kiçä söýgi hiçem garama ýürege juwanlygy geýdir bir gün gelip gutaranda bu dünýäniñ seýli diyer ýaly gidenmizde ýaşanyma degdi

Ussat...

Gurbannazar Ezizow

Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Bir zada düşünýän:
şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...

11
116
Dovlet Ashyrov
25 May 2023
👍👍👍....
okayjy
25 May 2023
Syke # Öçürjek bolup, kelläni göçirjek bolup, otladym çilimi hasam köpeldi bulut... 🧢🚬
gulshatayewa97
25 May 2023
Ýyndam ýyllar kibi geçdi ýigitlik,
Başyň alyp durmy agyr gün näme?
Şeýdip ýaşlyk bilen hoşlaşyp gitdik,
Sen öz durmuşyňa, men öz dünýäme...
gulshatayewa97
25 May 2023
Goşgy 🤌👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.