violinist
25.05.2023 14:27
Meň ýalňyz dünýämden habar tut käte,
Gyzyklan. Sorap dur, ahwalym neneň!
Bilýäňmi, kanagat tapyp baramok,
Özgelerden
Salamly hat baryn ýollanyň bilen.

Gomparmalarymy puç etme, senem,
Utanarn-a, ýalançylygym çyksa.
Mahal-mahal sesiň eşdesi gelip,
Nädeýin ýüregim ýerinden bökse?!

Meň ýalňyz dünýämden habar tut käte,
Gyzyklan. Sorap dur, ahwalym neneň!
Ýogsam ýene saňa gaharym gelip,
Öňkülem ýaly
Tersleşibermäýin ykbalym bilen.
15
147
Dovlet Ashyrov
25 May 2023
👍👍👍....
menesa___
25 May 2023
😊....
violinist
25 May 2023
kowser, 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.