Relax
25.05.2023 10:11
Türki etnonimleriň arasyndaky umumylyk we aýratynlyklar
barada 2

Bu nukdaýnazardan seretseň, adybir tire-taýpalaryň köplügi gyrgyzlaryň
türkmen halky bilen geçmişde has ýakyn bolanlygyna güwä geçýär.
Biz öz derňewlerimizde bu iki halkyň 183 taýpa-tiresiniň biri-biri bilen
atdaşlygyny ýüze çykardyk. Bularyň 22-siniň diňe bir özi däl, eýsem,
olaryň degişli taýpalary hem atlary boýunça biri-birine gabat gelýär:
türkmenlerde saryk, ärsary, gyrgyzlarda saruu, sary bagyş—ählisinde
sary sözi bar.
Diňe bir etnonimleriň däl, eýsem, maddy maddy medeniýetiň beýleki
taraplarynyň hem deň gelmegi (meselem, etli nahar atlaryndaky we olaryň
taýýarlanyşyndaky meňzeşlikler, türkmen gelin-gyzlarynyň gülýaka we
bozbent diýen şaý-sepleriniň günorta gyrgyzlaryň töönöç diýen şaý-sepi
bilen meňzeşligi, türkmenleriň köjeme diýen nagyş ediş usulynyň diňe
gyrgyzlarda we başgyrtlarda saklanmagy we ş.m.) türkmenleriň hem-
de gyrgyzlaryň geçmiş ýakynlygynyň gözli şaýadydyr. Taryhy çeşmeler
hem muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, X asyrda we ondan öň
türkmenler häzirki Gyrgyzystanyň territoriýasynda—Yssykköl, Jetiögýz
etraplarynda we Çu-Talas jülgelerinde oturypdyrlar. Hatda X asyrda
türkmenleriň patyşasy Çu derýasynyň boýundaky Orda şäherini özüne
paýtagt edinipdir.
Abulgazy Gyrgyzy Oguz hanyň bir agtygynyň ady hasaplaýar,
häzirki alymlar (N.A. Baskakow) gyrgyz dien etnonimiň kyryg oguz
(ýagny “gyzyl oguz”) sözlerinden emele gelendigini tassyklaýarlar.
Ýene bir fakt. Gyrgyzlaryň kandy taýpasynyň düzüminde türkmen,
türkmenleriň çowdur we igdir taýpalarynda bolsa gyrgyz we manas diýen
etnonimler duş gelýär. Bu umumylyklaryň ählisi jemlenip, türkmen we
gyrgyz halklarynyň geçmişde bir kökden dörändigini, ganybir garyndaş
bolandygyny görkezýär.
Adybir urug-tireleriň sanyna görä, bu iki halkyň käbir taýpalarynyň
biri-biri bilen has ýakyn aragatnaşykda bolandygyna göz ýetirmek kyn
däl. Meselem, ärsary taýpasynyň düzüminde 55, tekelerde 43, ýomutlarda
37, saryklarda 33, salyr we çowdurlarda 26, gökleňlerde 23 etnonim
gyrgyz urug-tire atlary bilen, gyrgyzlaryň hem adigine taýpasynda 40,
sary bagyşda 28, saýakda 27, saruu taýpasynda 25, soltoda 18, bagyş
taýpasynda 17, çekir saýak we muňguş taýpalarynda 14 etnonim türkmen
urug-tireleriniň atlary bilen gabat gelýär.
Biz şeýle deňeşdirmeler netijesinde azerbaýjanlaryň we özbekleriňhersinde 80, gazak we garagalpaklarda 60, başgyrtlarda 30, altaýlarda 15
etnonimiň türkmenlerdäki bilen deň gelýändigini anykladyk. Iki we köp
halkyň düzümindäki bu atdaş etnik toparlaryň käbiriniň özbaşdak, biri-
birine dahylsyz atlandyrylan bolmagy mümkindir, ýöne olaryň köpüsi
türki halklaryň gan garyndaşlygynyň gözli şaýady hökmünde berk
kanunalaýyklyk esasynda dörän etnonimlerdir.
Eliňizdäki kitaba girizilen oçerkleriň aglabasynda getirilen
etimologik derňewlerde ençeme atlaryň yzyndaky goşulmalar köplügi
ýa-da jemi bildirýän affiksler hökmünde häsiýetlendirilýär. Okyjylaryň
“Şunça köplük goşulmasy bolarmy?” diýip geňirgenmekleri mümkindir.
Meseläni anyklaşdyrmak we okyjylary alasarmyk ýagdaýda goýmazlyk
üçin, bu goşulmalar barada gysgaça düşündiriş bermegi zerur
hasaplaýarys.
Häzirki türki, şol sanda türkmen dillerinde köplük sany aňlatmakda
–lar/ler goşulmasy ýörgünli bolsa-da, bu dilleriň mongol, tungus-
manjur, koreý... dilleri bilen birlikde altaý dilleri diýen dil toparyny
emele getiren eýýamynda, ondan öňki we soňky döwürlerde köplügi,
jemi, topary, kollektiwi aňlatmakda ençeme goşulmalar ulanylypdyr.
Ady belli türkşynas alymlaryň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, ol
goşulmalaryň esasylary aşakdakylardan ybarat:
-r (-ar/-er, -yr/-ir, -ur/-ür). Etnonimlerden mysallar: owşar, salar1
,
suwar, tatar, teber, towar, tüwer, üker, ýazyr, eýmir, goňur, awar, hazar,
bulgar we ş.m.
-z (-az/-ez, -uz/-üz): oguz, topaz, ekiz, gerkez, gyrgyz, burkaz we
ş.m. Gadymy köplügiň bu goşulmasy biz, siz, göz, omuz, dyz, ekiz
(iki-z) sözlerinde, şeýle-de 2-nji ýöňkemäniň köplüginde gelen aldyzyň,
geldiňiz ýaly işlik formalarynda saklanýar.
-s (-as/-es): bedes, garnas, temes, çeges, hars, hakas, barlas we ş.m.
-ş (-aş/-eş, -uş-üş, -yş/-iş): mamaş, meleş, güneş, eleş, parraş, bataş,
çalyş, alnyş, owuş, gögüş we ş.m.ç (-aç/-eç): gögeç, kyraç, tumaç, halaç, çekiç, eleç we ş.m.
-n (-an/-en, -yn/-in): alan, alwan//alpan, garkyn, gyzan, imren,
poran, temen, tekren, haryn, çakan, çotan we ş.m. Şu topara degişli
argyn, baran, burjan, tabyn, uýsan, suwan, kuman, kataga ýaly türki
etnonimler hem bar. Oglan, eren, egin, çigin, goşun, tozan, ilen-çalan
ýaly sözlerde-de bu gadymy goşulma duş gelýär.
-t (-at/-et, -yt/-it, -ut/-üt): ýomut, baýat, goňrat, alat, goçat, merkit,
orsut, saýat, ürküt, arlat, maňgyt, türküt we ş.m. Süýt (asly süý), ganat,
ýigit, çigit (çigmek sözünden), ilat, ýaşyt, bulut ýaly adaty sözlerde-de bu
goşulma duş gelýär.
-k (-ak/-ek, -yk/-ik): abşak, aryk, badak, gowak, gutak, gyzyk,
gynyk, gyryk, köwek, salak, saryk, temek, türk, uwak, çatrak, şamak
we ş.m. Bu goşulma aldyk (aldy-k), geldik ýaly işliklerde we dyrnak,
toýnak, barmak, aýak, ýaňak, dodak, gabak, gulak, tirsek, topuk, goltuk,
bilek, emjek ýaly köplügi ýa-da ikiligi bildirýän aýry-aýry sözlerde hem
saklanyp galypdyr.
-l (-al/-el): badal, gutal, gagşal, depel, şagal we ş.m.
-m (-ym/-im, -um/-üm): gutam, gögem, otam, ögem, tekem, çulum,
şaýym, erdem we ş.m. Ýene-de deňeşdiriň: üçem (çaga), dördem.
Ýokarda sanalan köplük ýa-da jem goşulmalarynyň aglabasy
häzir ulanyşdan galypdyr, olara diňe aýry-aýry sözleriň, esasan hem
etnonimleriň düzüminde duş gelmek bolýar. Bu ýagdaý dilimiziň
taryhyny öwrenmekde tire-taýpa atlarynyň juda ähmiýetli çeşmedigine
ýene bir gezek güwä geçýär.
14
309
Mansur
25 May 2023
Surqtdaky hanlaryn ady yazylgy duran gornusi bardy yokmuka sol
ideallider
25 May 2023
Başyny okap bolanok🙁👍
Dovlet Ashyrov
25 May 2023
👍👍👍....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.