Iňlis dilini ýaňy öwrenýänler üçin iňlis dilinde suwara we erkin geplemek örän kyn ýaly bolup görünýär.Iňlis dilinde suwara we erkin geplemekligi öwrenmek üçin diňe grammatiki düzgünleri we sözleri öwrenmek ýeterlik däldir. Muny haçan-da, iňlis dilinde teleýaýlymlara tomaşa etmekde, radio diňlemek ýaly ýagdaýlar-da duýup bolar.Iňlis dilinde suwara we erkin geplemeklik elýeterlidir. Ýöne oňa nähili çemeleşýändigiň möhüm. Esasy zat isleýän netijeleriňize ýetmek üçin edip boljak ädimleriň sanawynyň bardygyna düşünmekdir.
Iňlis dilinde nädip suwara geplemeli?
Esasylar bilen başlamak.
Iňlis dilini öwrenýänleriň suwara geplemek hakynda düşünmeýän zady pikirlerini aýdyň we ynamly beýan etmek üçin hemme zady birkemsiz bilmegiň zerurlygy ýok.
Sözleri däl-de frazalary (jümleleri) öwrenmek.
Mundan öňki ädimde iň köp ulanylýan iňlis sözlerini öwrenmek maslahat berildi. Ýöne muny biraz täsirli etmek üçin diňe aýratyn sözleri däl-de, frazalary (jümleleri) öwrenmeli.
Iňlis dilinde diňlemek endiklerini ýatdan çykarmazlyk.
Bu ädim iňlis dilini diňe ýaňy öwrenip başlanlar üçin däl-de eýsem iňlis dilinde sözleýşini ösdürmek isleýänlere hem ähmiýeti uludyr. Çünki diňlemeklik iň köp ulanylýan aragatnaşyk ussatlygymyzdyr. Geçiren gözlegler, aragatnaşyk barada aýdylanda wagtymyzyň takmynan 9 %-ni ýazmak, 16%-ni okamak, 30%-ni geplemek we 45%-ni diňlemek bilen geçirýändigimizi görkezýär. Şonuň üçin erkin we suwara geplemeklik üçin täsirli diňleýji bolmaly.
Diňlemek endiklerini ösdürmegiň birnäçe ýollary bar. Olaryň esasylaryna:
Iňlis dilinde teleýaýlymlara tomaşa etmek.
Iňlis dilinde islendik filmi dürli tizlik bilen görmek.
Iňlis dilinde filmleri tekstleri bilen tomaşa etmek; iňlis dilinde aýdym diňlemek we ş.m. degişlidir.
Mümkin boldugyça iňlis dilinde köp materiallar okamak.
Eger-de iňlis dilinde suwara geplemek isleseňiz, öwrenmäge deňagramly çemeleşmeli. Okamaklyk islendik dilde erkin we suwara geplemek üçin ajaýýyp katalizator. Iňlis dilinde ýazylan çeper eserleri, kitaplary ýa-da gazetdir-žurnallary okamaklyk arkaly söz baýlygyňyzy artdyryp bilersiňiz we sözleriň dürs ýazylyşyny hem köp okamaklyk arkaly ýatda saklap bolar.
Öz-özüň bilen gürleşmek arkaly tejribe geçirmek.
Ilkibada bu ädim geň bolup eşidilse-de, öz-özüň bilen gürleşmeklik iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň iň ajaýyp usullarynyň biridir. Çünki, öz-özüň bilen gürleşeniňde ýalňyşlyk goýbermeklik gorkusy bolmaýar.
Eger-de öz-özüň bilen näme gürleşilmelidigi barada pikirlenýän bolsaňyz, ilki bilen edil şol wagtdaky pikirleriňizi beýan etmekden başlap bilersiňiz. Edil şol wagtdaky pikirleriňiz möhüm däl diýlende, diňe iňlis dilinde gürlemegi dowam etdirmek üçin möhümdir. Sebäbi islendik dilde sözleýişi ösdürmek ýa-da şol dilde geplemegi öwrenmek üçin şol dili köp ulanmalydyr, geplemelidir. Munuň başga bir ýoly bolsa, kimdir biriniň size sorag berýän ýaly göz öňüne getirip jogap bermekdir. Bu iňlis dilinde pikirlenmek üçin ajaýyp usul.
Imitasiýa usullaryny synap görmek.
Iňlis dili sözleýişi ösdürmegiň başga bir usuly diňlemeklik we gaýtalamakdyr. Muny iňlis dilindäki ses ýazgylary ýa-da wideo ýazgylary bilen ýerine ýetirip bolar.
Ilki bilen gürleýjini diňläň we her sözlemden soň pauza düwmesine basyň. Soňra gürleýjiden diňe bir sözleri däl, eýsem tizligini, äheňini we intonasiýasyny hem gaýtalaň. Bu görnüşli gönükmeler size edil iňlisler ýaly gürlemeklige kömek eder.
Iňlis dilinde dürs aýdylyş üçin maslahatlar:
Maslahat 1:
Her sözüň iki bogny bar. Sözleriň aýdylyşyny ýazuwy bilen garyşdyrmaň! Mysal üçin “threw” (zyňyldy), we “through” (içinden) birmeňzeş aýdylýar. Şeýle hem, birmeňzeş harplar ýa-da söz birikmeleri hemişe birmeňzeş ses çykarmaýarlar. Meselem: “Сough” (üsgülewük) , “though” (ýogsa-da, ýöne) we “through” her söz başga bir ses bilen aýdylýar. Şonuň üçin hem görýän zatlaryňyzy däl-de eşidýänleriňizi amal etmegi öwreniň.
Maslahat 2:
Ilki bilen aýtmazdan ozal şol sesi göz öňüne getiriň. Agzyňyzy we ýüzüňiziň ýerleşişini göz öňüne getirmäge synanyşyň. Ýagny şol sesi nädip aýtjakdygyňyz barada pikir ediň.
Maslahat 3:
Aýratyn sesleri diňläniňizde arakesmelere (pauzalara), gepleýäniň intonasiýasyna üns beriň. Bu sesleriň dürs aýdylyşynda örän möhümdir.
Maslahat 4:
Iňlis dilinde dürli hili aýdylýan dialektler we sözler bar. Şeýle-de bolsa, täsirli aragatnaşygy üpjün etmek üçin sözleri aç-açan beýan etmegiňiz möhümdir.