Relax
24.05.2023 11:48
Türki etnonimleriň arasyndaky umumylyk we aýratynlyklar barada

Mälim bolşy ýaly, dünýä halklarynyň ählisi öz ösüşiniň belli bir pursatynda taýpa-tire bňlünişigini başdan geçiripdir. Şeýle bölünişik çarwa halklarda, meselem, gazaklarda, gyrgyzlarda, garagalpaklarda,
başgyrtlarda, türkmenlerde we beýleki ençeme türki halklarda has
uzak saklanypdyr. Ir döwürlerde oturymlylyga geçen azerbaýjan, tatar
halklarynda, Özbegistanyň aglaba ülkelerinde taýpa-tire bölünişigi kem-
kemden ýatdan çykarylypdyr.
Türkmenlerde taýpa-tire bölünişiginiň uzak we berk saklanmagynyň
ýene bir sebäbi olaryň daşyny gurşap alan feodal döwletleriň (Hywa
hanlygynyň, Buhara emirliginiň we Eýran şalygynyň) bu halka garşy
alyp baran basybalyjylykly syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Türkmen
topragyna göz gyzdyran we onuň edermen halkyny dyza çökermäge
ymtylan bu hökümdarlar “bölüşdir-de höküm sür” diýen kolonial şygary
baýdak edinip, türkmen taýpalaryny (we dürli türki halklary) biri-biriniň
garşysyna goýup, olaryň arasynda duşmançylyk oduny tutaşdyrypdyrlar.
Beýle ýagdaýda merkezleşen döwleti bolmadyk türkmenler diňe
öz taýpadaşlaryndan, urugdaşlaryndan haraý gözläpdir. Bu hem öz
gezeginde tire-taýpa bölünişigini çuňlaşdyryp, onuň uzak saklanmagyna
getiripdir.
Umuman, tire-taýpalaryň döremegi halkyň biri-birine garaşly
ululy-kiçili böleklere bölünmegi we olaryň hersine aýry-aýry atlaryň
dakylmagy taryhy zerurlyk netijesinde ýüze çykýar. Bu bölünişikde we
olaryň atlarynda bolsa geçmişiň taryhy wakalary hem-de däp-dessurlary
öz şöhlelenmesini tapýar. Başgaça aýdanda, tire-taýpalara bňlünmeklik
we olara at dakmaklyk däbi öz döwrüniň jemgyýetçilik gurluşyndaky
aýratynlyklara esaslanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde türkmen
taýpalarynyň 24-e bölünmek däbini ýatlamak hem ýeterlikdir (orta
asyr alymlary, şeýle-de gadymy “Oguznamalar” türkmenleri 24
taýpadan ybarat il edip görkezýärler). Bu däp gadymy gunlaryň harby-
administratiw bölünişigi esasynda ýüze çykypdyr. Mälim bolşy ýaly, gun
goşunlary ilki sag we çep ganata bölünipdirler. Her ganat üç şahadan, her
şaha hem 4 bölümden ybarat eken (jemi 24 bölüm). Taryhy çeşmelerde
uly bölümleriň hersiniň özüniň mahsus atynyň (gyr at, dor at, ak at, garaat, ala at) bolandygy hem bellenilýär. Gunlaryň döwründäki bu bölünişik
däbi türkmenleriň 24 taýpa bölünmek däbinde we etnonimiýasynda şu
wagta çenli saklanypdyr.
Diňe bir etnonimiýada däl, eýsem halkyň maddy we ruhy
medeniýetiniň dürli gatlaklarynda bu däbiň saklanyp galandygy barada
Ahmet Bekmyradow şeýle ýazýar: “Edil hunlaryň keçe-halysyndaky
ýaly, üç hatardan 8-e bölüp, 24 göl salmak däbi türkmen haly sungatynda
ýörgünli däpleriň biri. Türkmen halylarynda 24 göli dörtden alty hatara
ýa-da 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak däbiniň ýörgünlidigini
aýtmalydyrys. Bu däpler hem hunlaryň, olaryň soňky dowamy bolan
oguzlaryň gurluşy bilen baglanyşykly. 24 göli dörtden alty hatara
bölmek Oguz hanyň alty ogly hem olaryň hersiniň dört oglundan emele
gelen türkmen taýpalarynyň birleşigini aňlatsa, 24 göli 12-den iki hatara
bölüp salmak hem Oguz hanyň 24 agtygynyň 12-den iki ganata bölünişi
baradaky gadymdan gelýän halk ynanjy bilen baglydyr”1 (durmuşyň
dürli ugurlarynda 24-e bölünmek däbiniň duş gelşi barada “ýigrimidört”
diýen makalada giňden gürrüň berildi)
Türkmen tire-taýpalary we olaryň atlary dürli döwürleriň önümidir.
Dörän wagtlaryna görä türkmen etnonimlerini biz 5 topa böldük. Olaryň
birinji (iň irki) gatlagy gadymy türki ýazuw ýadygärliginde we hytaý
çeşmelerinde duş gelýän alpan, bürgüt, war, gun, gyzan, gypjak, daz,
dowlat, dokuz, däli (tele), sabyr, suwar, sakar, giç ýaly etnonimlerinden
ybarat.
Häzirki Türkmenistanyň (umuman, Orta Aziýanyň) territoriýasynda,
bu etrapa entek türki halklaryň gelmezinden has owal, sak, massaget,
tohar, alan ýa-da as, gürgen, teber (tabur), parnlar, sogdular, dahlar,
margianalar, amurdlar (amardlar) ýaly öňden oturymly we göçme halklar
ýaşapdyrlar. Dörän wagty nukdaýnazardan olary ýokarda sanalan türki
halklardan we taýpalardan giçkidir çaklamak nädogry bolar, çünki bu
etnonimleriň aglabasy 2, hatda 3 müň ýyly öz üstünden geçiren atlardyr.
Ýöne weli bu atlar bilen belli bolan etnik toparlaryň türki halklaryň
düzümine aralaşan döwri gadymy türki etnonimleriň ýüze çykan
eýýamyndan soňky döwre degişlidir.
Orta asyr alymlarynyň (Mahmyt Kaşgarly, Reşideddin, Ýazyjy-
ogly, Salar Baba, Abulgazy dagynyň) eserlerinde agzalýan türkmen etnonimlerini biz dörän wagty taýdan 2-nji gatlagy emele getirýän atlar
hasaplaýarys, çünki olaryň dörän wagty ol awtorlaryň ýaşan döwründen
has ozaldyr.
Türki (türkmen) etnonimiýasynyň döreýşindäki 5-nji, iň ahyrky
gatlak XV—XIX asyrlarda ýüze çykan köp sanly türki taýpa-tire atlaryny
öz içine alýar. Bu atlaryň aglabasy türki sözlerden emele gelip, olaryň
ençemesiniň dörän döwrüne we ýüze çykan ýerine degişli dokumental
maglumatlary hem tapmak bolýar.
Şu ýerde türkmen etnonimleriniň ýüze çykyşyndaky we aňladýan
manylaryndaky käbir aýratynlyklar barada-da kelam-agyz gürrüň
bermegimiz gerek.
Bu kitapdaky oçerkleri okap çykan okyjylaryň ençemesi etnonimleriň
asyl köküniň “taýpa”, “urug”, “garym-gatym il” manysyndaky adaty
sözlerden (jyns atlardan) emele gelendigine gözi ýetse gerek. Muny geň
görüp otursa zat ýok: doýç (nemesleriň özleri üçin kabul eden ady),
udmurt, nenes, niwh (birmada halk), inuit (eskimoslaryň özlerine
dakan ady), mari (Mary respublikasynda ýaşaýan halkyň ady) ýaly
ençeme etnonimler hem “adam”, “adamlar topary”, “il” ýaly manyda
ýüze çykypdyrlar. Bu bolsa taýpa-uruglaryň ilki dörän we sanynyň hem
entek az bolan eýýamynda, olary şol topary aňladýan adaty sözler bilen
atlandyrmagyň ýeterlik bolandygyny görkezýär. Bu ýagdaý etnonimleriň
ýaňy döräp başlan döwürlerine mahsus bolupdyr.
Döreýiş sebäpleri, gurluşlary we aňladýan manylary babatda
türkmen etnonimleri beýleki türki halklaryň tire-taýpa atlaryndan onçakly
tapawutlanmaýarlar. Bu ýagdaý türki halklaryň geçmişde gan garyndaş
bolanlygyndan, olaryň maddy we ruhy medeniýetiniň (şol sanda,
etnonimleriniň) hem bir kökden döränliginden, umumylygyndan gelip
çykýar. Muňa şol bir etnik adyň ençeme türki halklaryň etnonimiýasynda
gaýtalanýandygy hem güwa geçýär.
Biz türkmen tire-taýpa atlaryny ençeme türki halklaryň etnonimleri
bilen degşirip, biri-birleri bilen deňeşdirip gördük. Netijede, olaryň
arasynda köp sanly meňzeşlikleriň, adybir urug-tireleriň bardygyna göz
ýetirdik.
Iki ýa-da köp halklaryň düzüminde şol bir atdaky tire-taýpalaryň
köp duş gelmegi bu halklaryň geçmişde ýakyn garyndaş bolanlygyndan
ýa-da olaryň arasyndaky etnik gatnaşyklaryň ýygylygyndan habar berýär.

Dowamy bar...
10
229
çynara
24 May 2023
taryhy bilmek gyzykly dowamyna garaşýan....
çynara
24 May 2023
onda massagetler ,saklar we beýleki taýpalar türkmenleriň gadymy ata_babalary bolýada👍
menesa___
24 May 2023
Meňzeş urug tireleriň bardygyny bilemokdym👍.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.