Carygulyuew Dowran...
22.03.2020 22:32
Çyršabermeli zat ýok

Şygyr” diýip dile geldi,
Çyrşabermeli zat ýok.
Ynjyk bolar halkyň köňli,
Gurşabermeli zat ýok.

Hüýr waspynyň täri bardyr,
Ilki sora, ýary bardyr.
Gyz lebinde ary bardyr,
Ogşabermeli zat ýok.

Şygry bezeýän ýürekdir,
Ylhamyň söze kürekdir,
Setirlere görk gerekdir,
Gagşabermeli zat ýok.

Ýaz ýerinde ýazlamaly,
Buz ýerinde buzlamaly,
Söz ýamany duzlamaly,
Ýagşa bermeli zat ýok.

“Gowy şygyr az ýazylsa,
Galanyna saz ýazylsa…”
Söz maňzy çuňňur gazylsa,
Bagşa bermeli zat ýok.

Kerim Hally
4
518
Carygulyuew Dowran...
23 Mart 2020
Bolya dusindim sag bolun hazir synansayyn
Bts
23 Mart 2020
Gowy menem aralarynda kop setir goyyan ekeniniz setir goyman yzly yzyna yazyp gorun
Carygulyuew Dowran...
23 Mart 2020
Salam gowymy yagdaylan goyjak welin sol eseri yazyan welin post goyulmady tazeden diyya basga zat goysanam goyulya

Men dusinmedim admindanam sorap gordim welin gowrim tapawudy yok diyya basga name tapawut bolup biljegi barada men goz onime getirip bilemok su gun yene synansaryn
Bts
23 Mart 2020
Salam Dowran eserin yzyny hacan goyyanyz men garashyp otyryna goyayyn tizirak
Carygulyuew Dowran...
23 Mart 2020
Salam gowymy yagdaylarynyz
Bagtym bol sen
23 Mart 2020
Salam Bahar gowymy
BBaharjyk❣
22 Mart 2020
Slam Kumus. Slm dayy. Gowy gosgy eken. ??
Bagtym bol sen
22 Mart 2020
waw gowy goshgy tapypsyñ dayy ??????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.