Çendenaşa hyýalbentlikden ýüz öwrüp, hakyky durmuş bilen ýaşamagy eý görýärin. Akylyma we başarnygyma görä ýüzlenýän adamlar mende hormat duýgusyny döredýär. Şonuň üçinem aýdýan käbir zatlarym saňa birbada geň görünmegi mümkin. «Haçandyr bir wagt satyn aljak «Mersedes» maşynyň üçin şu wagtdan ýer taýýarla» diýsem, ýüzüme çiňerilip seredersiň. Ynan, men oýun edemok ýa-da hyýallaryň üstünde uçup ýöremok. Bu ýerde saňa ýetirjek bolýan zadym, uly arzuwlaryňa örän uly ähmiýet bilen bakmalydygyny ýatlatmak isleýärin. Arzuw et, özi hem uly arzuw et, göz öňüne getir we garaş. Oňa ýetmegiň diňe wagta bagly. Arzuw edeniňde, özüňi wagtdan başga zada mätäç däl ýaly duý. Meşhur suratkeş Maýkl Angelonyň şeýle sözleri bar: «Adamlaryň aglabasy hasyl etmesi kyn bolan uly arzuwlardan däl-de, juda aňsat ýetip bolýan ownuk-uşak aladalardan howatyr edýärler». Uly zatlary amala aşyrmaga gaýratyň, güýjüň, mümkinçiligiň barka, az zat bilen kanagat edip oturmak, pes we ownuk maksatlar bilen ýaşamak ynsana utançdyr. Arzuwlaryňa çäklendirme girizmek, üstesine-de durmuşymyzyň agramly böleginiň irde-giçde eden arzuwlarymyz esasynda ýüze çykýandygyny görüp, bilip durkak, bu seniň kanagatlydygyňy aňladanok. Maksatsyz ýa-da ujypsyz arzuwlar bilen ýaşamak adamzada abanýan howp-hatarlaryň biri. Hyýallarymyzda mesgen tutan zada az-owlak yhlas etsek, garaşanymyzdan has artygyny gazanyp bilýäris. «Beýle arzuwlary hasyl etmek asla mümkin däl, muňa ullakan güýç gerek» diýen ýaly pikirlere eýlensek, bu hem arzuwlara abanýan apatdyr. Egsik düşünje, ýaramaz çaklaýyş hemişe oňaýsyz netijelere alyp gelýär. Aslynda, bu ýerde «Mersedesiň» özi hiç zady aňladanok, «Mersedes» bu ýerde siziň beýik arzuwlaryňyzy aňladýar. Belki, seniň iň beýik arzuwyň ähli gowy kitaplary ýat tutmakdyr ýa-da millioner bolmakdyr. Esasy zat, öňüňde aýdyň we kesgitli maksat goý. Maksatlaryňa ynan, olaryň hökman hasyl boljakdygyna, bu gün bolmasa ertir bir sebäp bilen ýüze çykjakdygyna ynan. Soňra seni şol ýere eltjek sebäpleri gözle, tap, ýapyş we öňe ynamly hem-de batly ädim ur. Belki, sen henizem munuň näderejede ähmiýetli we aýdyňdygyna akyl ýetirýän dälsiň, emma ýadyňda bolsun, kiçi arzuwlary hasyl etmek üçin nähili yhlas we zähmet gerek bolsa, uly arzuwlary hasyl 32 etmek üçin hem şondan köp zat gerek däl. Ikisine sarp edilýän güýç des-deňdir. Şeýle bolsa, onda arzuwlaryň hörpi belentden gopsun. Deň-duş ýazyjylarymda şeýle ýagdaýlara kän gabat gelýärin. Käbiri bar, ajaýyp bir kän gabat gelýärin. Käbiri bar, ajaýyp bir eser, kitap ýazmakdan baş maksady özüni bagtyýar we üstünlikli duýmak üçin şondan müň nusgasyny satyp bilmek. Käbirleri bar, olar ýönekeý üstünligi ykrar etmeýärler, boýun bolmaýarlar. Tä öz kitabyndan 50 000 nusgasyny satýança aňy ynjalyk tapanok. Şularyň arasyndaky tapawut kitabyň içindäki pikir-garaýyşlaryň, maglumatlaryň täsirliliginde däl, olaryň gursaklarynda göterýän we şol kitap üçin siňdiren arzuw-yhlaslarynda, maksada okgunlylyklarynda, erjelliklerinde, tutanýerliliklerinde ýatyr. Bir gezek kazylaryň birini Kerek şäherine sürgün edipdirler. Möhleti dolandan soň, ol öz iline gaýtmakçy bolupdyr. Kerek welaýatynyň häkimi oňa: «Bu ýerde gal, saňa köp-köp zat bereris» diýipdir. Kazynyň jogaby nagt bolupdyr: «Häkim, seniň welaýatyň meniň ylmymdan örän kiçi» diýipdir. Ol özüne gerek hajatlaryny tapyp, Müsüre rowan bolupdyr we şol ýerde alymlaryň soltany diýen derejä çenli barypdyr. Sebäbi bu adam öz öňünde anyk maksat goýupdyr we bu maksadyny az adamlara däl-de, has uly köpçülige niýetlän eken. Gardaşym, nebis-jan rahatlyga we asudalyga, nämedir bir zada daýanmaklyga, arkalanmaklyga ýykgyn edegen zat. Beýik maksatlar birbada ony howpurgadar, gorka salar. Seni maksadyňy hasyl etmekden sowmaga synanyşar. Maksada barýan ýoluňda ýüze çykjak şowsuzlyklary göz öňüňde janlandyrmaga synanyşar. Hamala, öňüňde diňe keserip duran päsgelçilikler we müşgillikler bar ýalydyr. Şol wagt sen işýakmaz nebsiňi belent hümmetiň bilen pugta jylawla. Mertlik, gaýratlylyk senalary bilen ony gozgalaňa sal, oýar, seni herekete getirjek tutanýerlilik ýüküni arkasyna ur. Gardaşym, bu ýollarda seni maksadyňdan sowmaga synanyşýan we seniň mümkinçilige bolan ynamyňy gowşatmaga synanyşýan, adamlar, gürrüňsiz, gabat geler, öňüňden çykar. Sen olara asla gulak gabartma we olar bilen asla işiň bolmasyn. Sen diňe öz maksadyňy bir dem ýadyňdan çykarma. 33 Muhammet ibn Abi Amyr Kordowanyň emiri bolmagy arzuw edende bary-ýogy ýigrimi ýaşynda eken. Dostlary onuň bu arzuwynyň üstünden gülüpdirler, onuň bary-ýogy kölegede oturyp hat ýazýan kätipdigini ýatladyp, ýaňsylapdyrlar. Onuň arzuw edip biljek iň ýokary derejesi Kordowanyň saýaly köçeleriniň birinde gelen-gideniň, haýyş edeniň hatyny ýazyp bermekdigini we munuň üçin adamlardan dirhem ýa-da iki dirhem gazanyp biljekdigini aýdyp gülşüpdirler. Şol wakadan sanaýmalyja ýyl geçipdir we Muhammet ibn Abi Amyr diňe Kordowanyň däl, tutuş Ispaniýanyň – Andalusiýanyň emiri wezipesini eýeläpdir. Beýik ýeňişleri we ajaýyp üstünlikleri bilen taryha giren Amyryýýe döwletini esaslandyrypdyr.
Rahmet GYLYJOWYŇ “Hallalyk kyssallary" eserinden.