ay_kiz_
23.05.2023 15:24
1. Akylyňyza gözegçilik ediň! Biziň reaksiýalarymyz we gylyk-häsiýetlerimiz esasan endiklerimiz tarapyndan dolandyrylýar. Şol sebäpli pikiriňizi üýtgetmek we wakalara oňyn we bagtly çemeleşmek sizi oňyn eder.


2. Sözler! Oňyn sözleriň sanawyny ýatda saklamak bilen beýniňizi oňyn we bagtly sözleri ýygy-ýygydan ulanmaga mejbur edip bilersiňiz. Pikiriňizi täzeden düzmek bilen, garaýşyňyzy üýtgedersiňiz we oňyn durmuşda ýaşarsyňyz. Mundan başga-da, bu ýagdaý daşky gurşawyňyza hem öz täsirini ýetirer.


3. Möhüm zatlara üns beriň! Durmuşyňyzda elmydama negatiw we pozitiw zatlara duş gelersiňiz. Ýöne haýsysynyň size täsir edýändigini welin hut özüňiz kesgitläp bilersiňiz. Şol sebäpli hemme zada üns bermegiň ýerine, özüň üçin has möhüm we ileri tutulýan zady ilki çözmeli.


4. «ÝOK» diýmegi öwreniň! Käbir adamlar üçin «ýok» diýmek kyn. Emma hemme zada «hawa» diýip hem bilmersiňiz. Aslynda isleýän we islemeýän zadyňyzy doly öwreneniňizden soňra «ýok» diýmegi öwrenseňiz has ýerlikli bolar.
17
156
ay_kiz_
23 May 2023
lalahan, ulanmaly eken ýöne menem şeýledim öňler 😑
ay_kiz_
23 May 2023
Dovlet Ashyrov, 😂🤦‍♀️ menesa___, gezekleşdirýäňizmi🤣
lalahan
23 May 2023
Mene sol yok diyyan sozi hic ulanyp bilemokda
menesa___
23 May 2023
Indi diňe ýok diýýäs :D
Dovlet Ashyrov
23 May 2023
ay_kiz_, Ýok😄
ay_kiz_
23 May 2023
menesa___, Dovlet Ashyrov, hai bulary😂
Dovlet Ashyrov
23 May 2023
4. Bolýa😄
Myhman
23 May 2023
4 👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
menesa___
23 May 2023
4) bolýar 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.