Abat_
23.05.2023 04:43
Salam öwrenmeli platformasynyň agzalary.
Siz Nesimi we onuň durmuşy barada eşdensiňiz.Men şol şahyryň durmuşyna we onuň wagşylarça öldürilimeginiň sebäbine gyzyklanyp dürli edebiýatlara ýüz tutdum.Emma onuň doglan ýylyny hatda doglan ýeri barada anyk maglumatlar tapyp bilmedim.Çeşmelerdäki maglumatlar biri birine dogry gelmedi.Egerde siz Nesimi barada maglumatlar bilýän bolsaňyz teswirde galdyrmagyňyzy haýyş edýärin.
1.Nesimi nirede we näçenji ýylda doglan?(käbir maglumatlarda ol 1369-1370 nji ýylda Bagdatda,başga bir maglumatlarda bolsa 1366-1371 nji ýylda Şamahyda doglan diýilýär)
2.Nesimi gudrat bilen dünýä ineni çynmy?(Nesiminiň ejesi gyz wagty nähilidir bir köpük içip Nesimä göwreli bolan diýen maglumatlar bar)
3.Nesiminiň wagşylarça dabanyndan soýup öldürilimegine dürli sebäpler bar we şol wakanyň bolan ýyly hem edebiýatlarda tapawutly seneler bilen duş gelýär.Meselem 1)Nesimini dogany öldürýär diýen maglumat bar.Ol kiçi wagtyndan soýup öldürilijegini öňünden bilýär.ýagny ol doganyna bir pyçagy görkezip "ynha şu pyçak bilen sen meni bir gün öldürersiň . Biz ulalsak sen patyşa men diwana bolaryn we sen meni öldürmegi emir edersiň "diýýär we şeýlede bolýar.Dogany patyşa bolýar we ony şol pyçak bilen öldürmegi emir edýär emma onuň Nesimidigini öldürilenden soň bilýär we Nesimini öldürmekde gatnaşan ähli adamy öldürtýär.
2.Nesimi şägirdiniň günäsini boýnuna alyp öldürmek buýrugyny alýar.Ýaş şahyr köçelerde din bilen bagly goşgy okany üçin ony öldürmeli diýen karara gelýärler.Nesimi bolsa goşgyny özüniň ýazandygyny aýdýar we ol oglany goýberip Nesimini öldürýärler.
3.Nesimi Halabyň şasy bilen galyň dost bolýarlar Wezirler bolsa bu dostluga garşy bolýarlar we Nesimini ýogatmak pikirine gelýärler Olar Nesiminiň köwüşiniň aşagyna Kuranyň sürelerinden salyp goýýarlar.we Patyşadan "köwşiniň aşagyna Kurany Kerimiň sürelerini salyp dinimizi aýak asty edip ýören adamy görseňiz näme ederdiňiz?"diýip soraýarlar we patyşa "Ony diriligine soýdurmak buýrugyny bererdim "diýýär Wezirler Nesimini köwşüni patyşa görkezýärler we patyşa Nesimä diriligine soýmak jezasyny emir etýär.
Siziň pikiriňizçe ýokarky 3 mysalyň haýsysy hakykata ýakyn.
Mundan başgada Nesimi bilen bagly maglumatlary bilýän bolsaňyz teswirde paýlaşyp bilersiňiz.Okanyňyz üçin sag boluň.Teswirlere garaşýan
27
345
lalahan
23 May 2023
Mene Nesiminin gudrat bilen dunya gelendigi yalan caklama diyip pikir edyan
Myrataly
23 May 2023
Sunshine lady, Bolya owreniber gyzyklanan bolsan
Sunshine lady old
23 May 2023
Myrataly, ýok möhüm.Gyzyklandym
Myrataly
23 May 2023
Sunshine lady, Indi mohim dal. Bermud ucburclugy barada postlar bardy yalnyshmasam,shol yerin sebabi hem dushindirilyadi.
Sunshine lady old
23 May 2023
Myrataly, meni indi Bermud üçburçlugy we onuň syry gyzyklandyryp başlady.okenyň bir böleginde dörän täsinlik👍
Sunshine lady old
23 May 2023
Myrataly,Garaşýan soragyňyz ?
Myrataly
23 May 2023
Sunshine lady, Sen garashyan soragymy berjekdal oytyan,hicle. Sunshine lady, Sen gyzyklanyan zatlan bn
Sunshine lady old
23 May 2023
Myrataly, siz nämelere gyzyklanýaňyz?
Sunshine lady old
23 May 2023
Myrataly, menem düzedip bilýän indi.😊Gyzyklanma mende döredi. Başgalar bilen paýlaşsam kanagatlanarly jogap alaryn diýip oýladym.Başgada Çeşme gözlärin belki taparyn kanagatlanarly jogap 👍
Myrataly
23 May 2023
Sunshine lady, Sen aydanlary bn yokardakylar gabat gelyami diyip soramadyn, diymek gyzyklanma doretmedi. Men teswirimi duzedip,bozup bilyan.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.