Bir işewüriň işleri bulaşypdyr. Birmahallar işinde üstünlik gazanyp ýören şol işewür gün saýyn bergä batýarmyş. Algydarlar gün yrman gelip gapysyny kaksa, işgärler hem aýlyklarynyň wagtynda tölenmegini talap edýärmiş. Garaz, ol näme etjegini bilmän, kelebiň ujuny ýitiripdir.
Ine günlerde bir gün ýaňky işewür bir seýilgähiň içindäki oturgyçlaryň birinde, «Heý, bir çykalga tapylmazka?» diýip, içini gepledip otyrka, onuň gabadynda bir goja säginipdir-de:
– Sen ýaman tukat görünýäňle, ýigit! Seni bir zad-a biynjalyk edýär. Aýt hany, näme boldy? – diýip sorapdyr.
Işewür oňa içini döküpdir. Goja onuň gürrüňi diňläp bolupdyr-da:
– Men saňa kömek edip biljek – diýip, çek depderçesini çykarypdyr. Işewüriň adyny sorap, oňa çek ýazmaga başlapdyr. Çeki oňa uzadybam:
– Me, al! Bu pul seniňki. Bir ýyldan soň seniň bilen edil şu ýerde tapyşaly. Maňa bergiňi şonda beräýersiň, bolarmy? – diýipdir.
Şeýlelik bilen goja onuň eline çeki tutduryp gidiberipdir. Işewür hem elindäki kagyza seredipdir. Çekde bäş ýüz müň dollar ýazylgy bolup, aşagynda Jok Rokfelleriň, ýagny dünýäniň iň baý adamynyň goly bar eken.
Jok Rokfelleriň goly çekilen şol çek bilen işewüriň çözülmejek meselesi galmaly däl eken. Ýöne ol şonda-da çeki pula öwürmän, ony seýfine salyp goýupdyr. Seýfinde şeýle uly mukdarda puluň durandygyny bilmeklik oňa ullakan güýç beripdir. Ol ruhubelentlik bilen işine ýaňadan ýapyşypdyr. Köne hasabatlaryny birlaý gözden geçirip, nirelerde kemçilik goýberen bolsa, şolary düzetmäge çalşypdyr. Şeýlelik bilen dört-bäş aýyň içinde bergilerinden çykyp, girdeji gazanmaga başlapdyr.
Aradan bir ýyl geçensoň, işewür pula öwrülmedik çeki alyp, hälki seýilgähe barypdyr-da, gojanyň gelerine garaşypdyr. Belleşilen wagtda goja aňyrdan hasanaklap gelipdir. Işewür çeki jübüsinden çykaryp, goja uzatjak bolanda, bir ak ýektaýly zenan ylgap gelipdir-de, gojanyň elinden tutupdyr. Zenan:
– Näme-de bolsa, tapylaýdy. Bu garry bende sizi biynjalyk eden däldir-ä, jenap! – diýip, sözüni dowam edipdir. – Ol zol-zol garrylar öýünden gaçyp, şu seýilgähe gelýär. Adamlara özüni Jok Rokfeller diýip tanadýar.
Zenan gojanyň goltugyna girip, ony alyp gidipdir. Işewür aňk-taňk bolup, näme diýjegini bilmändir. Ol bütin bir ýylyň dowamynda seýfinde ýarym million dolaryň bardygyna ynanyp gezipdir. Şoňa arkalanybam, uly-uly söwda işlerine baş goşupdyr, olaryň hijisinden hem zyýan çekmändir. Şol ýerde ol adamyň durmuşyny üýtgedýän zadyň pul däldigine göz ýetiripdir. Adamyň durmuşyny üýtgedýän zat onuň özüne bolan ynamydyr. Üstünligiň syry seýfimizde duran pulda däl, biziň kalbymyzdaky hem aňymyzdaky zatlarda.