atakulyyewa_humay
22.05.2023 00:28
Ýaponiýanyň 89 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry sýorfer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, Oddity Central ýazýar. Geň ýeri, ýaponiýaly adam sportuň bu görnüşi bilen diňe 80 ýaşynda meşgullanyp başlaýar.

Tokiodan Seýiçi Sano resmi taýdan dünýäde iň garry sýorfer boldy. Pensioner diňe kiçi tolkunlarda aýlanýandygyny, sýorfing tagtasyna bolsa ilkinji gezek dokuz ýyl mundan ozal münendigini – ondan öň alpinizm bilen meşgullanandygyny we özüni täze bir zatda synap görmek isländigini aýdyp berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Adamlar maňa sýorfingiň howpludygyny aýdýarlar, ýöne men tagtadan hem awtomobiliň rulunda has howply pursatlary köp başdan geçirdim” – diýip, Seýiçi belledi.

Sanonyň tälimçisi Sanonyň sýorfing öwrenmek islegine haýran galandygyny we onuň bu prosesde şikes alyp biljekdigi barada alada edendigini aýtdy. Ýöne tälimçi netijede onuň ýaş türgenlerden erbet däldigine göz ýetirdi.
17
235
Myhman
23 May 2023
Мна сувдан горкян
okyjy dz
22 May 2023
atakulyyewa_humay, ol öňem taýarlykly ekena alpinist bolsa, a meň sportum oglum bn elde güýç synanyşmakdan aňry geçmedi💪
atakulyyewa_humay
22 May 2023
okyjy dz, 89 ýaşla başartdyran, saňada başartdyrar hökman:)
okyjy dz
22 May 2023
Gaty gowy görýändä şu sýorpingi,ölmänkäm ýekeje gezek edip görsem bolýa🏄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.