II bölüm. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary,
azatlyklary hem borçlary
19-njy madda. Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň
hem azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem haýsy millete degişlidigine,
teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna,ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy
partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan
adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligini kepillendirýär.
20-nji madda. Türkmenistanda erkekler bilen aýallar deň raýatlyk
hukuklaryna eýedirler. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça
bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär.