Häzir meniň oýlarym Şimmel Bişiň uniwersal biksi ýaly, ähli ýatlamalarym bir birine garyşan ýagdaýda... Näme üçindir bilemok öňkiligim ýok, hatda bir meseläni öňki ýaly çekeleşip dogry netijäni çykarmak meni indi gyzyklandyranok. Adamlaryň pikirlerinede biparh garaýan. Aslynda olar meni görmezden gelýän ýaly... İne düýnem klasdaş gyzymyzyň toýuna toplandyk klasdaşlar bilen üýşüp durduk, bir klasdaş gyzymyz geldi üstümden geçip gitdide ähli gyzlarmyz bilen gujaklaşyp ogşaşyp salamlaşdy, iň soňunda golaýma gelip zordan elini uzatdy. Men birhili boldum we öz pikirlerimi basdym. Soňra ol 2 çagasynyň barlygyny aýtdy, mendâ çaga diýilse towsunyp imriniberýän, gürrüňe goşulyp ýeri gelende soradym tüweleme oglanjykmy ikisem diýip. Ýene soragymy eştmezden gelip başga ýana ünsüni sowdy-da gürrüňe gyzyp gitdi. Onýança oglanlardan biri gyzlaň bary 2 ýylyň içinde toý edäýipdirleý, şu toýa oglanlar gatnaşmasyn diýýäler öýtýän şular diýip, söz gatdy... Aý näme her oýnuň ýary çynda, çekeni çekdi özüne, käbirlerini ýerinde oturtmady bu söz. 9-njy synpda mekdebi taşlap durmuş guran gyzymyz " biz geçmeýän haryt däl siz ýaly" diýdi. Bu elbetde manysyz, ýerliksiz jogap boldam welin... Olam biz haryt däl, biz alyjy, gowy haryda sataşamzok diýdi, oglanlaram bu sözi alyp göterdiler. Nu da olar öz aralarynda degişýädiler, maňa welin gyzlarmyzyň bolşy ýakmady, hiç goşulyşyp bilemokdym. Synp ýolbaşçymyň geçen ýyl üçem agtyklary bolupdy, şolar barada gürrüňdeşlik edip otyrdyk, oglanjygynyň ýöremekde özüni tutmakda kynçylyk çekýändigini aýtdy mugallym. Olga Hajyýewna ( pediatr lukmany) aýtmyşlaýyn " indi sizden işde, köçede, öýde, dynç alyşda, hatda toýda otyrkaňyz hem maslahat sorarlar" diýşi ýaly, näme menem bildigimden kömek etmelidä😅...Klasdaş oglanlardan partadaşym muny eşdip:
–Dusia tüweleme sende-de özgeriş bar... Lukmançylykda okaýan ekeniň. Okuwlar gowymy, 3-nji kurs bolansyň eýýäm, azaltýaňmy ?! (Olar gullukdan gelensoňlar ilkinji gezek görşüpdik, elbetde köpüsi bilenoklaram eken.)
–Hawa nesip edenden okap ýörün, heniz bir ujundan girdim öýtýän. Soňra hemme kişiň berýän sowalyny olam berdi
– Ugruň näme?
– Pediatriýa (diýdim ilki, düşünmedi) Çaga lukmany bolmaly nesip bolsa...
–iç agyry diýýäňmi (şol degişgenligidä 😅)
–Ýok detski wraç diýip rusçaladym...
– Hä şeý diýsene, bolaýdy aramyzdan dogtara taýyn diýip ýylgyrdy.
Soňra mugallymym indiki gezek Oguldursunlarda üýşýäs nesip bolsa diýip gaty seslendi. Gyzlara eýýäm bilýärdiler, olara öňinçä aýdypdym. Hemmesi dymyşdylar we sözüni gutarmasyna garaşdylar. Soňky aý Dusianyň toýy diýip joram Aýsona seslendi. Hiç hili ses çykmady. Men hemmäňiz geliň sowuşyň garaşýandyryn diýip toýa çagyryşy dowam etdirdim. Soňra bir ýandan gutlag sözleri eşdilip başlady. Ýöne ýeke biri henizem bagtly bol diýip bilmedi, ýogsa ol hemmesinden-de öň bilýärdi...