HajymuratGoshayev
20.05.2023 01:16
Sen indi hiç wagt çykma öñümden,
Goý gözlerim bakmasyn sen tarapa,
Görsemem görmedik bolup geçerin,
Didelem ýaşarar belki garasa.

Sen indi hiç wagt çykma öñümden,
Çyksañam baş atyp salamam berme.
Garaşma sen menden ýyly sözlere,
Dolanar diýibem oýlanyp yörme.

Sen indi hiç wagt çykma öñümden,
Belgimem poz senden jañam gelmesin.
Şeýlebir undaýyn bar zatdan beter,
Göremdede seni añym almasyn.

Sen indi hiç wagt çykma öñümden,
Sen hakynda ýatlamada galmasyn.
Meñ üçin egleme gelen bagtyñy,
Goý señem başyñda öýmäñ galgasyn
Saña derek ýanan ýürek aglasyn.

Hajymyrat
19
180
HajymuratGoshayev
20 May 2023
Myhman, Oz elimden gelyarka iliň goshgusyny paylashmaryna!
Myhman
20 May 2023
Ozun duzdinmi
HajymuratGoshayev
20 May 2023
Imissyou, Nache gowy yazsanam like sany uytgeshik kopelenok. Son howesem yok. Biderek zat paylashsalaram like sany kan bolya shundan
senorita
20 May 2023
Saña derek ýanan ýũrek aglasyn 🔥👍
okyjy dz
20 May 2023
ay_kiz_, onda men düşünmedim🤔
ay_kiz_
20 May 2023
okyjy dz, menem şoňa jogap berdim
okyjy dz
20 May 2023
ay_kiz_, men "unudyp bolmaýa" diýeniňe aýtdym "barlap gördüň öýdýän" diýip,
ay_kiz_
20 May 2023
okyjy dz, 🙄 ýoo, barlap görmelem bolmaýyn😑 belki ondanam gowusy çykar garşyňa🙂
okyjy dz
20 May 2023
ay_kiz_, senem barlap gördüň öýdýän😉 hiiiç bolanokda 🥺
Sunshine lady old
20 May 2023
Peçat edipsiňiz😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.