perizadym
20.05.2023 00:09
Şatlyk ýumdy gözlerin
Gussa açdy tersine
Gamdan dürme çekdirdi
Gaşlarynyň hersine

Elin çarpyp ýalňyzlyk
O ýan, bu ýan garady
Soň otyryp özüniň
Hiçhaçan gutarmaýan
Uzyn saçyn darady

Duw-ak edip ýüzlerin
Mejal tapman durara
Hujuw, höwes mündüler
Gabat gelen ulaga

Söýgem kem otyrmady
Goşun daňyp biline
Taýýar bolup otyrdy
Garaşýan dek birine

...Duýgular ähli zady
Öñünden bilýärmişin
Bu kalba bir sagatdan
Aýralyk gelýärmişin

Aýgül Garaýewa
11
103
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.