Lilia_
19.05.2023 16:30
Gadym za­man­lar­da bir ho­raz bar eken. Gün­le­riň bir gü­ni ýaň­ky ho­raz aga­jyň üs­tün­de daş-tö­we­re­gi­ni syn­lap otyr­ka, onuň ýa­ny­na bir hyr­syz mö­jek ge­lip­dir. Mö­jek:
– Aý, ho­raz dost! Sag-gur­gun­my­sy­ň, how? Men sa­ňa to­kaý­dan hoş ha­bar ge­tir­dim. Şu gün­den şeý­läk guş­lar bi­len ýyr­ty­jy­la­ryň ara­syn­da­ky ag­za­la­lyk geç­miş­de ga­lyp, di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk hö­küm sü­rer. In­di olar bi­ri-bi­ri­ bilen di­ňe ag­zy­bir­lik­de we asu­da­lyk­da ýa­şar­lar. Şo­nuň üçin gel, iki­miz dost bo­la­ly! In­di sen dost­jan, göw­nü­ňe hiç hi­li gü­man ge­tir­me-de, ar­ka­ýyn aşak düş – di­ýip, ho­ra­zy ýalana güm­ra edip, lak-luk at­mak­çy bol­ýar.
Ho­raz mö­je­giň gö­wün ýü­wür­di­şi ýa­ly ga­ty bir na­dan hem däl eken. Mö­je­giň al­ba­ýy­na dü­şü­nen ho­raz, mö­je­gi öz ýa­la­ny­na ço­laş­dyr­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir:
– Mö­jek dost, siz örän dog­ry aýd­ýar­sy­ňyz. Men ýa­ňy how­lu­da iým ço­ka­lap ýör­käm iki kö­pe­giň öza­ra gür­rü­ňi­ne diň sal­dym. Şon­da olar hem se­niň aý­dy­şyň ýa­ly ýyr­ty­jy­lar bi­len öý jan­dar­la­ry­nyň ara­syn­da mun­dan beý­läk di­ňe imi­sa­la­lyk we asu­da­lyk bol­jak­dy­gy ba­ra­da gür­rüň goz­ga­dy­lar. Olar ýe­ne-de az sa­lym­dan şu agajyň sa­ýa­syn­da jem­le­ni­şip, kö­pek­ler we mö­jek­ler bo­lup ko­wa­la­şdym oý­na­jak­dyk­la­ry­ny hem ýat­lat­dy­lar. Eger-de sen bi­raz sa­byr et­seň, ba­sym kö­pek­le­rem bu ýe­re ge­ler, on­soň hem­mä­miz bi­le­je ko­wa­laşdym oý­na­rys – di­ýip, sy­pa­ýy­lyk bi­len pe­te­ke­si­ni ga­bar­dyp­dyr.
Mö­jek ho­raz­dan bu ge­pi eşi­den des­si­ne guý­ru­gy­ny ýam­zy­na gy­syp gaç­mak bi­len bo­lup­dyr. Mö­je­giň bo­lup bar­şy­na gül­kü­si tu­tan ho­raz:
– Haý, mö­jek dost! Sen in­di ni­rä ga­çyp bar­ýaň, in­di bi­ziň ara­myz­da pa­ra­hat­lyk hö­küm sür­ýär ahy­ryn – di­ýip, gy­gyl­dapdyr. Mö­jek:
– Aý, gar­da­ş, men-ä dog­ru­sy, kö­pek­ler bi­len mö­jek­le­riň ara­syn­da asu­da­lyk bo­lup­dyr di­ýip, hiç ha­çan hem eşit­män­dim. Şo­nuň üçin kö­pek­ler bu ýe­re gel­se ara­myz­da ra­hat­lyk gal­maz – di­ýip, ba­dy­ny gow­şat­man ýaz­zy­ny be­rip­dir. Ho­raz bol­sa mö­je­giň hi­le-pi­rim­le­ri­ni paş eden­di­gi­ne mon­ça bo­lup, gy­gyl­da­ma­ga baş­lap­dyr:
– Gyk-gy-gy-ky-y-y…

Ras­ty­ny aý­dan gu­tu­lar, ýa­lan söz­län tu­tu­lar
89
306
Ayesha
19 May 2023
ideallider, erbet diyemogaa men
Lilia_
19 May 2023
ideallider, bilemokdym.
Lilia_
19 May 2023
Ayesha, Hawa 😁
ideallider
19 May 2023
Ayesha, Salam. Nämesi erbet!?
Ayesha
19 May 2023
Salam hemmanize.Indi erteki goymak moda boldymy ya
ideallider
19 May 2023
Ýalňyşmasam möjegiň ýerine tilki bolmalydy. Sebäbi dünýä edebiýatynda tilkiler "Mekir we hileli" diýip tanalýar. A möjek bolsa "Gaýduwsyzlygy we wepadarlygy" aňladýar. Hakykatdada möjek ortaça 3 it-güjügi ýeňip bilýär.
Lilia_
19 May 2023
dovliyevna, bu posdy goyan wagtym beyle däldi 🙄
Lilia_
19 May 2023
guldesse, hehe garaşjak çynym bilen😀😁😁🙈
Lilia_
19 May 2023
kowser, hawa girýän men WiFi den girýän probelama ýok. Mobilniden girmek kynlaşdy arada indi gowy barlap gör hany giräýmeli
dovliyevna
19 May 2023
Hemde postlar gaty usak hat weln gozum aynekli velinem dsnemok🧐🧐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.