atakulyyewa_humay
19.05.2023 14:28
Her ýyl ýollarda 1,3 mln töweregi adam aradan çykýar we 50 milliona golaý adam şikes alýar. 5-29 ýaş aralygyndaky adamlar üçin ýol-ulag heläkçiligi (ÝUH) ýaşaýyş üçin esasy howp bolup durýar. Dünýädäki her dördünji ölüm pyýadalaryň we welosipedçileriň paýyna düşýär diýip, 15-nji maýda başlanan Global ýol hereketiniň howpsuzlygy hepdeligi mynasybetli BMG belleýär. Muny news.un.org ýetirýär.

2021-2030-njy ýyllar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereket onýyllygynyň global meýilnamasy 2030-njy ýyla çenli ÝUH netijesinde ölüm derejesini we şikes ýetme derejesini 50 göterim azaltmagy maksat edinýär.

“Global meýilnamada adamlaryň howpsuzlygyna gönükdirilen ýollara we ýol ulgamlaryna geçmegiň adam janyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigi nygtalýar. Ilkinji nobatda, şikes almaga ýakyn adamlaryň: çagalaryň we ýetginjekleriň, aýallaryň, mümkinçiligi çäkli adamlaryň, garry adamlaryň, welosipedçileriň we jemgyýetçilik ulaglaryny ulanyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutmaly. Howpsuz, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa transport jemgyýetçilik durmuşynyň köp ugurlarynda oňyn sosial özgerişlere ýardam eder” – diýlip, BSGG-niň Ýewropa býurosynyň ýolbaşçysy, lukman Hans Klýugeniň beýanynda aýdylýar.
15
227
batyrgylyc
19 May 2023
ALLAJAN HEMMAMIZI HEMME APATLARDAN ÖZI GORAP AMAN SAKLASYN ENŞALLA ÄMIN.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.