Dovlet Ashyrov
19.05.2023 10:09
Gülki Show🎉🤹🏻🥳

Bäş awçy aw-awlaýan wagty tokaýda kiçi deşige gabat geldiler.
Olardan iň tejribeli: Ýatyň, bu ýerden bir towşan çykar...
Hemmeler ýatdy, biraz wagtdan towşan hakykatdanam çykyp, ony atyp torba okladylar.
Awy dowam etdirip ýörkäler birneme ulurak deşik gördüler we tejribeli awçy:
- Ýatyň bu ýerden tilki çykar...
Hemmeler ýatdy, biraz wagtdan tilki çykdy we munyda urup torba okladylar.
Awy dowam etdirýärler. Bu sapar olaryň öňünde has uly deşik peýda boldy. Ýaňky tejribeli awçy:
- Ýatyň bu ýerden aýy çykar...
Biraz wagtdan aýy çykdy we munam awladylar.
Hemmeler tejribeli hemme zady bilýär diýen karara geldiler. Soňra dowam edip ýörkäler, gaty uly deşik gördüler.
Tejribeli awçy: Hemmäňiz ýere ýatyň!!!
Olaryň biri ýatdy-da: "Ussat, bu ýerden näme çykar?"
Tejribeli pikirlenip: "Dogrysy, bu ýerden näme çykjagyny menem bilemok" - diýdi.
Ertesi gün ähli habarlarda:
"Tuneliň çykyşynda, otlynyň aşagynda galyp, bäş sany awçy jan beripdir"

😁😁😁😁😁😁
50
451
Dovlet Ashyrov
19 May 2023
Myhman, seň özüň manysyz😂
Myhman
19 May 2023
😂😂😂😂👍👍👍
Misss
19 May 2023
😂😂😂😂👍👍
dovliyevna
19 May 2023
Dogrusy bu yerdrn name ckjagny mnm blmk diyende gacp gider oytdum 😀😀😀😀😀
Dovlet Ashyrov
19 May 2023
ideallider, 🤣😂
ideallider
19 May 2023
Menä awçy "Oturuň aýy çykar" diýeninde beýlekiler oturar we awuçy olara bildirmän ylgap gaçar öýütdim😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.