Carygulyuew Dowran...
22.03.2020 10:06
Haýa nikaply heýkel hekaýa
Dowamy

Bahar bilen tomusyň sepgidi. Jumanýaz gelnejemiň dört ogly, ýeke gyzy kiçijik Mahym uklap ýatyrdy. Meret aga bolsa mal-garanyň töwereginde aýlanjyrap ýördi. Jumanýaz gelnejem ikimiz ýerimize girmän Gylyja garaşyp oturduk. Ol giýje ýarym bolup barýarka geldi. Agam näçe gizlese-de onuň şatlygy ýüzüne çykyp durdy. Ol gülli keçäniň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdu-da «Bar jigim çaý demlesene» diýdi. Men hälden bäri oduny öçürmän şygladyp oturan kitirimiň teýine ot salyp derrew gaýnatdym-da çaý demläp geldim. Elim çäýnekli ýönelenim hem şoldy welin assaja gürlese-de agamyň «Özüň halamajak zadyňy ile-de etmeli däl-dä» diýen sözüni eşitdim. Jumanýaz gelnejem bolsa, «Jan oglum, bolmasa, beýdip ýörme-de senem oba dolanaý. Il-gün bolup öýereli. Giden ýurdy ýeke özüň yza dolap bilmesiň» diýdi. «Aý, gelneje, maňlaýdakyny görübermeli bolar-da. Ýöne, men indi bu ýurda sygmaryn. Ony meniň ýüregim syzýar. Şu-da meniň iň soňky ýola gelşim bolarmyka diýýän» diýdi, gulagymyň eşiden sözleri aýaklarymy duşaklady. Meni çaý içmek üçin däl-de ýanlaryndan ugratmak üçin iberenlerine indi düşünip galdym. Duran ýerimde galpyldap başladym. Edil uçup barýardym. Sag elim-de göterip duran goşa çäýnegimiň şykyrdysy eşdilip ugrady. Zatdan bihabarsyrap çaýly çäýnegi saçagyň gyrasynda goýdum. Gylyç çaýli çäýnegi özüne tarap süýşürdi-de :

-Bar, jigim, meniň eşiklerimiň hemmesini goş haltama salyşdyr-diýdi. Meniň hiç gözümiň ýaşy duranokdy. Agamyň geýimleriniň hemmesini saldym. Gelnejem:

-Aýym, täze bişen çöregiň dördüsini saçaga dola. Çörekler jübüt bolar ýaly birini iki döwde tamdyr kökäni hem üstüne sal. Gyyç jan gezen ýerinde goltugynda göterer. Köke hem ýoldaş bolar-diýdi. Men Jumanýaz gelnejemiň aýdyşy ýaly etdim. Agam goşlary taýýar bolansoň töwürini galdyrdy. Meret aga, Jumanýaz gelneje bilen elleşip hoşlaşdy. Maňa bolsa, «Jigim saňa öň aýtjagymy aýdandyryn. Şu ojak seniň öz öjagyňdyr. Eneňem-ataňam gelnejem bilen agamdyr. Men ýok diýip gözüňden ýekeje damja ýaş damdyraýmagyn. Täleý ters bolmasa, belki ýene görüşeris. Hoş galyň» diýdi-de, dogumly ädimläp gädikden çykyp garaňkylyga siňip gitdi. Meniň şol günden soň dünýeden örküm üzülen ýaly boldy. Gijelerne gözýaşym kepmedi. Jumanýaz gelnejem irden turanymda ýassygymyň öl-suwdugyny görüp :

-Jan gyzym «Ýigidiň emgegi, eşegiň tezegi» diýilýändir. Başy dik gezip ýören adamyň yzynda munuň ýaly gözýaş edilýän däldir. Aýyp bolar-diýdi. Sesimi çykarman ýellenen gabaklarymy gizledim.

…Agamyň gideninden bir hep-de geçipdi. Arçynyň ýasawuly gelip Meret agany çagyryp gitdi. Gelnejem ikimiz Meret aga gelinçä iýmän-içmän gurt bolup oturdyk. Ol agşam namazy wagtlary dolanyp geldi. Gelşine-de ýüzüni ýassyga berip uly sesi bilen aglady. Biz hiç zat sorap bilmän zagyrdap durdyk. Meret aga ol gün bir sözem aýtmady. Ertesi irden gelnejem ikimizi ýanyna çagyrdy-da:

-Aýtuwak, gyzym mert bol, maňlaý-da bardyr. Dagyň arslany elden gitdi. Serhetden geçip barýarka Gylyja ok degipdir. Ony köp wagt bäri tutup bilmän ýören ekenler. Onuň kimdigini tanamak üçin golaýdaky obalaryň erkek göbeklisiniň ählisini şähere çagyrdylar. Gitmänkäk obanyň arçyny «Gylyjy ele salypdyrlar. Onuň kimdigini biljek bolup ot gorsaýarlar. Tanaýanyňyzy aňdyrdygyňyz işiňiziň gaýtdygydyr. Maşgalaňyz, neberäňiz bilen güm ederler» diýip, tabşyrdy. Biziň baran jaýymyzy ýaragly esgerler saklap duran ekenler. Adamlary hatara durzup o, gapydan girizip beýleki gapydan çykardylar. Gylyç neressäni hem agaç sekiniň üstün-de arkan ýatyrypdyrlar. Oňurga zeper ýeten bolarly. Gozganman gözlerini balkyldadyp ýatyr neresse. Maňa gözi düşenden gözlerini ýumup açdy. Gözýaşymy zordan saklap çykyp gaýytdym.

Meret aganyň getiren habary meni ýanyp duran oda oklanana döndirdi.
Dowamy bar
6
953
BBaharjyk❣
23 Mart 2020
Haha. ???dayy bilmeyana bize alkasdyr oyderler. Yazan postun goyulmasa gaharyn gelya.
Carygulyuew Dowran...
22 Mart 2020
Men ene dilim sozlikden gozledim goni owlakbakar diyip gabat gelmedi edebu dilde

Men pikirimce goni manyda ulanylypdyr oza eserde yalnysmasam towsanyn owlakbakary bilen diyya welin bir agzasy hokminde aydana menleya bey diysen towsanyn cagasyna owlak diyilenok
Myhman Myhman
22 Mart 2020
Şol owlakbakar diýen sõz lebap šiwesinde bar bolaýmasa bizde ol sõz ýok barda bolsa duşmadyk ýa ol gôni manydamy intäk okap biläýmesek
Carygulyuew Dowran...
22 Mart 2020
Ay yegen birinjidena sonkyny icme diydim ozinden men besedemde besetmelidin ikinjidenem konyak bn gardyn sol erbet etdi seni men yaly dine birini icen bolsan gowy bolardy eyyam acylardyn

Yo bolan zat yoklay post goyup bilemok kosenip uazyan welin tazeden diyip ankamy asyrdy goyulyan postlaram giryan adamlaram uytgan yaly bolup dur su gun falliremayin diyip onki giryan pragrammamy asdyrdym galamdasy pragrammistlar acyp bilyan eken bir zat edip isletdiler
Myhman Myhman
22 Mart 2020
Hi gorguljik diri ekena son oldiripdirler ineda ene atasyz cagalara nm bolya bolanda nm uly oglan yenede hic kimsiz eyesiz beyleki gyza nm boldyka gaty gyzykly (baby)
Myhman Myhman
22 Mart 2020
Siz düşünjek bolýañyz men õzúmden mysal alyp aýtsam dünýädäki bolýàn zatlar täsir edýä diýip biljek

Seb daş tówerekde bolýan wakalar ynsanlaryñ şeýle õlûmi pikir edemok diýselerem hõkman edýändirler
BBaharjyk❣
22 Mart 2020
Vii name bolly mena giremogam pyyanlykdan acylyp bilman yorn. ?
Carygulyuew Dowran...
22 Mart 2020
Medine hekayada bir yerde owlakbakar sozi gabat gelya dusinmedim mumkin bolsa dusindirin
Carygulyuew Dowran...
22 Mart 2020
Yok elbetde men onem son tarapynda son un iki gun bari dallirap yorin

Yone dine bir zat azajyk kosesdirdi name biri sana bari hekaya goyulyan yer diydimi yada yazmaly tekstin mocberini tassyklap berdilermi yada edebiyata degisli eser paylasylyan pragramma diyip esitdinmi ine su soraglara ozim jogap berdim son oz utylanymy boyun aldym

Yone ya men dargursaklygymdan yada on goyulyan postlar edebyat ay garaz peydaly zatlar goyulyady kop indi ewolusiya boldy men pikirimce
Myhman Myhman
22 Mart 2020
Ôýkelemäñ şeý diýsem weli siz indi ýazyjyñ šahyryñ azabyny gôz ôñûne getirip bilersiñiz diýip pikir edýän

Ynanmarsyñyz ukysyz gijeler kitaphanalar her bir zady çintgäp õwrenjek bolýañ ýazjak bolýañ iñ soñky nokatdan soñam ýetmiş gezek okap geçýäñ šondada buýerini eýtmeli ekeniñ diýen tapylýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.