Ýüzlerçe, müňlerçe sözleri sözläp,
Arzuwly sözlermi sözlemediň, ýar.
Men seni hemmeleň gözünden gözläp,
Sen meni hiç haçan gözlemediň, ýar.
Müýnsüz çaga ýaly aglan mahalym,
Seni tapdym joşgunyndan baharyň,
Ýalňyz özüm gujagynda şäheriň,
Meniň kinelermi çözlemediň, ýar.
Hiç parhy ýok, tüm gijeler,
Şemal bolup gelerin men salama,
Çoýsam seni Gün dek çigrek howada,
Meniň ýaz goýnumda ýazlamadyň, ýar.
Hasratdyr ünjümiň bilýäň baryny,
Ýel bolup öpmediň saçym taryny.
Oda düşüp, çekip ýörkäm zaryňy
Söýgi ýodalarmy yzlamadyň, ýar.
Ýüregim iki däl, özge söýere,
Başarman ornuňda özge goýara,
Gijäniň Aýyny düýşden oýara,
Ömrüme Gün bolup ornamadyň, ýar.
Ogulbagt Çaryýewa