Melikee
17.05.2023 16:32

Bizi haýsy pursat şu güne saldy?!
Bizi şeýtmeklige kimiň haky bar?!
Her kim öz bagtyny gurup biler-ä,
Bolmasa-da köpi gören akyldar.

Sen onda,men munda,
Kime haýr bar?!
Kim ol biziň bagtymyzy ýatyran?!
Ýogsa senem men diýip kän aglapdyň,
Menem betbagt,başyn tutup oturan.

Nädip başga ýoly aldykkak saýlap?!
Nädip bu çykgynsyz çuňluga gaçdyk?!
Adamlara garap ýaşajak bolup,
Bir-biregi kötekledik.
Ýalňyşdyk.

...Aýt hany,
Dogryňdan gelde aýt maňa!
Gussalaryňy durmuş basyp ýitmänkä,
Näçe gezek meň belgime jaň edip,
Öçürip agladyň gudok gitmänkä..?!

20
379
Zümerret_
24 Iýun 2024
@Melikee, Bal Kiz . Nirelerdr sen
123m
24 Iýul 2023
Salam mana su lrogrammany ulanmagy owredayinda
senorita
19 May 2023
Melikee, dur dur dur... Nirã şaýlandyñyz 🤔
Melikee
19 May 2023
@hanym:🍃👣...Indi anyk meň dünýämi terk edip,Özge kalbyň gapysyny açarsyň,Bilýän kän ynjytdym bilibu-bilmän,Ähli ýazygymy geçir başarsaň!
Ayesha
17 May 2023
Salam
abat
17 May 2023
shamko, bolýar👍
abat
17 May 2023
shamko, indi 😐?
abat
17 May 2023
Şu goşgyny bellik etjek bolýan ýöne indi mende "bellik edildi"diýen funksiýa ýok🤔sizdede şeýlemi?
gulshatayewa97
17 May 2023
Melikee, Mätgurban Mätgutbanow öýdýän awtory şuň
gulshatayewa97
17 May 2023
Gowy görýän goşgym da şu
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.