Säher kofe bilen başlaýar diýýärler. Mende bolsa irden: "Wah, irräk ýataýmaly ekenim" diýen pikir bilen başlaýar.
*****
Irden turmak diňe ýekşenbede günortan turanyňda gowy.
*****
Işlemek isleýän bolsaňyz, ýene uklamaly.
*****
Adamlar daň bilen aýna seredip öz keýpini özleri bozýarlar.
*****
Zombi apokalypsis başlasa we ertir irden sagat ýedi-de köp sanly zombi meniň ýanyma gelse maňa degmezler, sebäbi olar meni özlerine degişl hasap ederler.
*****
Ajaýyp säher: oýandym, gerindim, ýylgyrdym, beýläme agdaryldym we… ýene-de ukladym! 😁😁😁