“Ylham” seýilgähi Magtymguly hem- de Görogly şaýolunyň arasynda ýerleşmek bilen onuň umumy meýdançasy 57000 inedördül meýdançany tutýar.
“Ylham” seýilgähinde ýerleşdirlen birnäçe heýkelleriň içinde ilkinji sadranç oýnuny düzen As Suli, halk arasynda Mäne baba diýip tanalýan, Abu Seýit Mähneýi, alym Mahmyt Zamahşary,Al Faraby, Mahmyt Kaşgary, Abu Aly Ibn Sina, Biruni, Sarahsy, Jahanşah, Al –Horezmi, Merweri, Amhmyt Pälwan,Nejmetdin Kubra, Ahmet Kazy ilkinji bölegini düzýär.
Ikinji böleginde bolsa: Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Döwletmämmet Azady, Zelili, Seýitnazar Seýdi, Kemine, Ýusup Balasugunly,Nesimi, Fizuly, Alyşir Nowaýy, Mollanepes, Annagylyç Mätäji, Abdyrahman we Baýram han
Şeýle- de:
Berdi Kerbabaýew,
Aman Kekilow,
Beki seýtäkow,
Ata Gowşudow,
Gara Seýitliýew,
Nurymyrat Saryhanow,
Gurbannazar Ezizow ýaly ýazyjy- şahyrlaryň heýkelleri ýerleşdirlendir.
Bulardan başga- da gündogar edebiýatynyň wekilleriniň hem heýkelleri türkmen topragynyň gelim- gidimli, toprak bolup, munuň özi “beýik ýüpek ýolunyň “ üstünde ýerleşendiginiň ýene- de bir gezek subutnamasydyr.
“Ylham” seýilgähinde ýerleşdirlen suw çüwdürimleri bilen bilelikde duran şahsyýetleriň geçmiş edebiýatymyzy, geçmiş ata- baba ruhy hazynalarymyzy gelejege äkitmek üçin janlaryny gurban eden şahsyýetler bolsa, döreden eserleri bilen türkmen halkyny dünýä tanadan şahsyýetlerdir. Olaryň kitaplary, döreden dana eserleri hem bu günki gün Garaşsyzlygyň hem- de Bitaraplygyň türkmen halkyna miýesser bolmasy bilen özüniň gadyr – gymmatyny artdyrdy.
“Ylham” seýilgähi bu günki gün halkyň edebi we medeni,ylym mirasynyň ägirtlerini halkymyza, nesillere tanatmak üçin Aşgabadyň iň gözel ýerinde gurlandyr. Bu gözel alleýada özboluşly ruhy makamy syzanyňda , ol ýerde goşgy ýazyp, surat çekip oturan adamlara köplenç gabat gelmek mümkinçiligi bardyr.
Birnäçe ýyllardyr däp bolşy ýaly “Ylham” seýilgähinde şahyrlaryňdyr, ýazyjylaryň baýramçylyk çärelerinde şygyr okamaklary gözel bir dessura öwrüldi. Hut şonuň bilen birlikde bu ýerde beýleki milletleriň wekilleri hem ylhamly şygyrlaryny okap, Magtymgula , türkmen halkynyň ruhy hazynasyna hormat goýýandyklaryny aýtdylar. Şol sebäpli- de “Ylham” seýilgähi dostlugyň we doganlygyň ,şygryň mekanydyr. Bitaraplyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde bu ajaýyp mekan hem toý lybasyna beslenip, özüniň ýakyndna hem uzakdan gelýän myhmanlaryna garaşýar.