Synag döwri ýakynlaýar: degişme äheňinde täsin ynançlar
1.Talyplaryň käbiri gije ýatanlarynda kitaby ýa-da dersiň leksiýa ýazgylaryny ýassygyň aşagynda goýup ýatýarlar. Şeýle etmek bilen olar dury, aýdyň kelle bilen oýanmaga, şeýle hem ähli ýazgylary ýatda saklanmagyna ynam edýärler.
2.Talyplar synagda düşjek sowalnamanyň belgisini öňünden bilmek makady bilen, ýa göwreli aýala ýa-da garry enäniň ýanyna baryp, ondan haýsam bolsa bir belgini aýtmagyny isleýärler. Bu aslynda mekdep ýyllaryndan bäri ynanylyp gelinýän ynanç. Şeýle bolsa-da, talyplaryň arasynda häzirki güne çenli meşhurlygyny ýitirmän gelýär.
3.Käbir talyplar synagda täze eşik geýmezlige berk ynanýarlar. Olar öň geýilen eşik bilen üstünlikli synag tabşyran bolsalar, indiki synaglarda hem hökman şolary geýmelidigine ynanýarlar. Sebäbi olaryň egnindäki eşik olaryň üstünlikli synagy tabşyrmagyna hem-de hasap-synaglarynda islenen bahany almagyna kömek edýändigine ynanýarlar.
4.Ýene täsin ynançlaryň biri çep aýak düzgüni. Bu ynanja görä, siz ir säher bilen çep aýakdan turmaly, auditoriýa çep aýak bilen girmeli, hat-da bilet çekeniňizde hem çep aýagyň üstünde durmalydyr. Bulardan başga-da, käbir talyplar “Has ýokary derejeli” düzgün bolan ynanjy berjaý edýärler. Olar mugallym baha kesgitleýän pursady sag eliniň barmaklaryny çaknyşdyrmalydygyna ynanýarlar.
5.Ata-babalardan galan “Mis şaý” (Медный пятак) däbini bilmeýän ýokmuk-a diýýän. Bu usul ýyllaryň geçmegi bilen şaýlyk teňňä öwrülse-de, ynanjyň maksady üýtgänok. Talyplaryň ynanjyna görä, köwşüňiziň çep tarapyna goýulan elli teňňe şaýlyk, siziň hasap-synaglaryňyzdaky üstünlik hemraňyz bolar.
6.Köpler synag biletleri siňe synlap, “keramatly biledi” tapmagyň gözleginde bolýarlar. Emma ynançlara görä, gözüňe birinji düşen (ilişen) biledi çekmelidigi aýdylýar. Şol biletde size üstünlik getirjek soraglaryň barlygyna ynanýarlar.
7.Synagdan öň saçyňy ýuwmaklyk hem ýagşa ýorulmaýar. Ynançlarda arassa kelläniň boşlugyna ynanylýar. Ýuwmak bilen sen ähli bilýän maglumatlaryňy dökjekligiňe ynanýarlar.
Görşüňiz ýaly, ynançlar gaty köp, ýöne olaryň synaglarda size üstünlik getirjekdigi hiç kim güwä geçip bilenok. Şeýle-de bolsa, bu ynançlar talyplaryň ynamyny artdyryp, olary ruhlandyrýar. Bu jadyly ynançlar bolmasa talyplar näme ederdik-ä? Kim bilýär…? Belki-de, bu ynançlar bolmasa hasap-synaglarda oňat bahalar bilen auditoriýadan çykan şadyýan ýüzli talyplar bolmazdy..