gullnara_
16.05.2023 21:51
-Kaka, gözüňi ýumup gol çekip bilersiňmi?
- Hawa näme üçin?
- Onda meniň gündeligine gol çeksene.
*****
1-nji sentýabr agşam kakasy we ogly:
- Bu gün size mekdepde näme öwretdiler?
- Hiç zat, kaka! Ertir ýene-de geliň diýdiler.
*****
Köçeden geçip barýan mugallym görse kiçi çagalar çilim çekýärler we kart oýnaýarlar. Muňa gahary gelen mugallym:
- Näme üçin mekdebe gitmediňiz?
- Bäş ýaşynda kim mekdebe gidýär?
*****
Ýokary bilimiňiz barmy? 4-nji synp okuwçysy bilen 4-nji synp okuw kitabyny ulanyp matematikadan öý işini ýerine ýetirip görüň - özüňizi hakyky samsyk ýaly duýarsyňyz!
*****
Köçede bir aýal erkek adamyň ýanyna gelýär:“Meniň pikirimçe, siz meniň çagalarymyň biriniň kakasy" ...
Erkek adam:
- Menmi ?!
- Köşeşiň- diýip, aýal jogap berýär, - men mugallym.
*****
Adamsy:
- Gowy bahalar üçin gyzjagazymyza pul berip başlanymyzdan soň, öýe 5-lik geýip başlady! Bu barada näme pikir edýärsiň?
Ejesi:
-Girdejisini mugallym bilen paýlaşýan bolaýmasyn.
*****
Mekdepde 2 sany daşary ýurt dilini öwrendim: Iňlis dili we algebra ..
******
Durmuşyňyzda üýtgeşiklik isleýärsiňizmi? Mekdede işe geliň, her 45 minutdan üýtgeşiklikler bolýar.
*****
Bu gün kim maňa laýk goýsa ertir onuň durmuşynda şatlyk bolar. Eger bolmasa ertir goýan laýkyňyzy yzyna alyp bilersiňiz. Men gaty görmerin. 😊
54
487
Myhman
21 May 2023
Erwet dal 😀😁
Myhman
17 May 2023
😅😆😅😆👍👍👍
Myhman
17 May 2023
Gowy degişme⭐
dovliyevna
16 May 2023
2nji has gulkunc...ertr yene gelin diydiler😃
Myrataly
16 May 2023
Name bolsada hushgar bolun bul hyŷarlardan)
Uzukjemal
16 May 2023
😁😅👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman
16 May 2023
Gowy degismeler okanyña degyar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.