olia
16.05.2023 18:56
Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap" eserinden.

Gylyç Müllüýewiň Magtymguly meselesinde döreden “problemalary” barada oýlansaň, Pyragynyň şu mahala çenli öwredilen biografiýasyna-da özgertmeler giriziberesiň gelýär. Onuň ömür beýany hem edil goşgularynyňky ýaly bulaşyk ýagdaýa salnypdyr. Şol meseleler hakynda zehinli tankytçy hem prozaçy Saýlaw Myradow “Goşgular, rowaýatlar, logika” diýen düýpli makalasyny çap etdi. Makala Magtymgulynyň şu mahala çenli okuw kitaplarynda öwredilip gelnen biografiýasyna-da, goşgularyna baha bermäge-de başgaça çemeleşilmegini talap edýärdi. Makala örän güýçlidigine, akylly-başly açyşlar edýändigine, hakykata has golaýdygyna garamazdan, jedelleşmäge-de tutaryk berýärdi. Emma, gürrüň öňi bilen özlerine degişli bolsa-da, edebiýatçy alymlar ol makala barada ýagşydan-ýamandan öz pikirlerini aýtmadylar. Men ol makala seslenme ýazdym. Ony hem “Edebiýat we sungat” gazeti “Magtymguly Meňli ýara sataşyp…” ady bilen çap etdi. Siz şol seslenmäniň örän gysgaldylan nusgasyny şu ýerde okap görüň. Yzyndan bolsa, meniň çaklamalarymy-da çepbe çöwren ýagdaýyň dörändigi barada aýdaýyn.
“…Öňi bilen-ä Meňlili mesele. Bu hakda dürli pikir, dürli çaklama bar. S.Myradow şahyryň öz setirlerine daýanyp: “Diýmek, ol Meňli 37 ýaşanda-da ondan aýra düşenine gynanyp, ömri ötýänçä Meňlä ýetmek pikirinden el üzmändir” diýip ýazýar. Özüm-ä makalanyň awtorynyň beýle pikiri bilen ylalaşyp biljek däl. Şonuň bilen birlikde-de “Magtymguly Meňlä öýlenmändir” diýen pikiri yrga hasaplaýan çaklamamy öňe sürjek. Sebäpleri: Näme üçin Magtymguly Meňli 37 ýaşyndaka (“Ýara ýaraşar üç müçe”) “Aýryldym” goşgusyny ýazypdyr? On sekiz bar, ýigrimi bar… Näme üçin hut otuz ýedi? (P.S. häzirki neşirlerde "ýara ýaraşar sürmeçe" diýip berilýär)
Magtymgulynyň setirlerinden mysal alyp, olardan özüňçe many çykaraga-da, şahyryň biografiýasyny üýtgedibermelimi? Beýle bolsa Magtymgulynyň liriki gahrymanyň adyndan aýdýan:
“Magtymguly aýdar Kurana uýdum,
Gybaty taşladym, haramy goýdum”- diýen setirlerinden: “He, Magtymguly kurana uýmanka diňe gybat, haramylyk
bilen meşgullanan eken-ow!” diýen ýaly many gözläbermeli-dä?
Şahyryň goşgusyny okan her adam onuň biografiýasyna özüçe üýtgeşme girizip ýörmeli bolsa, menem “Magtymguly Meňliden aýra düşmän, onuň bilen är-aýal bolup döwran sürüpdir” diýen gipotezani öňe sürjek, sebäbini hem özümçe düşündirjek. Ine, ol: Eger-de, Meňli Magtymgulydan başga kişä äre çykan bolsa, näme üçin şahyr 37 ýaşly Meňliden aýrylandygy barada goşgy ýazmaly?
Meňliniň 37 ýaşaýança enesiniň dulunda gyz bolup oturmajagy-da hak zat. Eýsem, şahyryň öz söýgülisiniň 18-20-25 ýaşyny tekrarlaman, 37 ýaşyny nygtamasy nämedenkä? Näme üçin onuň aýra düşen ýaryna hut üç müçe ýaraşmaly?
Birinjiden-ä, eger Meňli başga kişä äre çykan bolsa, şahyr öz goşgusynda onuň adyny görkezmezdi. Şu mahala çenli nygtalyşyna görä, Meňli gyz öz obasyndan onçakly uzak aralyga-da durmuşa çykmadyk ýaly. Kimdir birine äre çykyp, 37 ýaşaýança döwran süren maşgalany Magtymguly özüne ýar hasaplamaz. Kimdir birine aýal bolup ýören Meňlä bagyşlap goşgy ýazyp, oňa söýgi bildirip ýörse, ilki-hä il beýle şahyryň üstünden güler, soňam dilden-dile geçip ýören goşgy Meňliniňem, onuň äriniňem gulagyna ýeterdi. Bu hem Meňliniň, iň bolmanda, gününiň kynlaşmagyna sebäp bolardy. Şeýlelikde, öz başky söýgüsine, söýgülüsine sarpa goýýan Magtymguly Meňliniň öz adamsynyň öňünde masgara bolmagyny islemez. Beýle ýagdaý şahyryň dünýäsine bap gelmez. Şeýle esaslardan ugur alyp, Magtymguly “Aýryldym” goşgusyny 37 ýaşly kişi aýalyna bagyşlamandyr-da, 37 ýaşap dünýäden öten öz aýaly Meňlini ajy ölmüň “aýrandygyna” gynanyp ýazypdyr diýen netije çykarmak bolar.
“Magtymguly Meňli ýara sataşyp,
Bäş gün biziň bilen gül ýar oýnaşar”-- diýen setirleri bolsa Magtymguly panyda Meňli bilen “bäş gün” bile ömür sürendigi barada aýdandyr. Eger Magtymguly Meňlä öýlenmedik bolsa, “bäş gün” sataşdym diýmezdi ahyryn.
Şahyryň dulluk hakdaky setirlerine üns berseň-de, “Seniň kibi ýardy meňem ölenim” diýmesini, merhum aýalyny öwmesini, dogrudanam, gowy maşgala bolan, emma otuz ýedi ýaşap ýogalan aýaly Meňli bilen baglaşdyryp bolmazmy? Onuň “Duşdum ümbilmez nadana” diýen sözlerini hem Meňli ölenden soň sataşan aýalynyň ýagdaýy bilen baglaşdyrsak näder?
Eger “Neýläýin?”, “Nar kyldy”, “Reýgan eýledi” goşgularyny şahyr bir wagtyrakda, gyzylbaşlaryň çozan mahaly, Mämmetsapa bilen Abdyllanyň Owganystana giden pursatlary ýazan bolsa, yzda waka gopanda, Meňli hem Magtymgulynyň ýanynda bolmaly. Belki Meňli şahyryň dessanynyň sile düşüp ýok bolany üçin, gaýnagasynyň maşgalasynyň horlanany üçin “gözi ýaşly” görnendir? Ýogsam, Magtymguly başga ýerde, kimdir biriniň aýaly bolup ýören Meňliniň gözýaş dökenini nädip bilsin?
“Goldan gidendir dessanym,
Göýä tenden çykdy janym.
Gözi ýaşly Meňli hanym, “Aýryldymyň” “ilkinji nusgasyndan" alnan setirlerden görnüşine görä, şol topalaň mahaly Meňli Magtymgulynyň edil ýanynda bolmaly. Diýmek, Meňli mydama, tä otuz ýedi ýaşap ýogalýança şahyryň gapdalynda eken…”
Parçasyny şu ýerde mysal getiren seslenmäm gazetde çap bolan gününiň hut ertesi şahyr Ata Atajanowa gabat geldim (Onuň Gylyç Müllüýew bilen ýakyn garyndaşdygyny hem bile oýnap-ösen deň-duşdygyny hem size ýatladaýyn.) Şahyr meniň seslenmämi okandygyny aýdyp, ýaňsyly ýylgyrdy-da: “Atdaş, geljekki nesillerimiziň içinden dörejek, edebiýaty düýpli öwrenip bilýän akylly-başly alymlar Magtymguly meselesinde hemmämiziň, şol sanda düýnki çap eden makalaň üçin seňem üstüňden gülerler” diýdi. Men onuň näme üçin beýle diýýäni bilen gyzyklandym welin, ol: “Magtymguly küje, Meňli küje! Umuman, Magtymgulyda Meňli bolmaly hem däl.—diýip,meseläni has-da düşnüksiz etdi.—Meňli hanym häzirem diri. Ol şu mahal Mary şäheriniň Gonçarow köçesinde ýaşaýar…” Şonuň yz ýanyndanam şahyr Pyragynyňky hasap edilýän
“Obasy bar ýeke diňli,
Daş guýysy sary jaňly.
Ili Gökje, ady Meňli,
Garagöz ýardan aýryldym”
setirleri ýatlady. (P.S. häzirki neşirlerde:
Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
Ili — gökleň, ady — Meňli,
Näzli dildardan aýryldym - diýip berilýär)
Men zehinli ýazyjymyz, gaty köp okaýan, köp bilýän, biçak sowatly Ata Atajanowyň aýdanlarynyň hakykata nä derejede golaýdygy barada gutarnykly pikir aýdyp biljek däl. Ýöne A.Atajanow hem G.Müllüýew bilen obadaş bolup çykan bir ýaşuly tanşym Marynyň Gökje obasynda Abdylla işanyň metjidiniň ýanynda ýeke diňiň hem mydama sowuk suwly daş guýynyň bolandygyny ýatlady.
Men ýaşuly tanşymdan “Daş guýy bilen sary jaňyň näme baglanyşygy bar?”-diýip soradym. Suw çekýän aýallar gybata gyzyp suwy bisarpa tutmazlary ýaly guýynyň ýokarsyndan bir sary jaň asypdyrlar. Bedre gelip, şol jaňa degende jaňyň sesi aýallara suwuň gelip ýetendigini habar berenmiş.
Edebiýat bilen içgin gyzykýan şol obaly bir mugallym hem Gylyç Müllüýewiň Meňli atly gökjeli gyza aşyk bolandygyny, emma ony Mary şäherinde ýaşaýan başga birine durmuşa çykarandyklaryny aýtdy.
Şu zatlardan ugur alsaň, Magtymgulynyň aýrylan “Meňli hanymy” biziňem döwürdeşimiz bolup, ondan Gylyç Müllüýew hem aýrylan ýaly bolup dur. Magtymgulynyň döredijiligindäki bulaşyklyklar hem bizi şol çaklamalara ynanmaga itekleýär.
Özümiň gönümel tekrarlamaga hakym bolmasa-da, örän ygtybarly adam hasap edýänim, arhiwçi edebiýat alymy Tejen Nepesiň ýazyjy Gylyç Kulyýewiň Magtymgulynyň Türkmensährada ýaşaýan ýakyn garyndaşy Ata işandan alan haty barada maňa aýdan habaryny okyja ýetirmekçi. Gylyç Kulyýew Krymda bile dynç alan wagtymyz Magtymgulynyň garyndaşy Ata işan hakynda maňa-da kän zatlary gürrüň beripdi. Ýazyjynyň aýtmagyna görä Ata işan diýilýän örän salyhatly, aň-düşünjesi ösen, yslama berk uýýan, ýakymly adam bolupdyr. Gylyç Kulyýew Ata işany gaty ýakyndan tanaýar eken. Asyl ýazyjy ony özüne iň ýakyn dostlaryň biri hasaplaýardy. Ýazyjy Ata işan bilen SSSR hökümetiniň Eýrandaky konsuly bolup işläp başlan badyna, ýagny Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tanşypdyr. Olar ýygy-ýygydan duşuşýar ekenler, birek-biregiň öýüne myhmançylyga barýar ekenler. Gylyç Kulyýew Eýranda gar ýagsa Ata işan bilen hökman awa gidişleri barada-da maňa gyzykly wakalary hem aýdyp beripdi.
Tejen Nepesow Gylyç Kulyýew dünýäden ötenden soň, ýagny 1993-nji ýylda
ýazyjynyň maşgalasynyň rugsat bermegi bilen, iki hepdeläp onuň arhiwi bilen tanşypdyr. Şonda alymyň eline Ata işanyň Gylyç Kulyýewe arap elipbiýinde ýazan bir haty düşüpdir. Eýranda ýaşaýan ýaşulynyň Gylyç Kulyýewe hat ýazmagyna bolsa ýazyjynyň “Magtymguly” romanyny ýazmaga girişmezinden ozal Ata işana Pyragynyň ömrüne, maşgala durmuşyna degişli ýollan sowallary sebäp bolupdyr. Tejen Nepesowyň nygtamagyna görä, Ata işan uzyn hatynyň soňragynda bir ýerde: “Meňli diýip, Akgyz diýip bolsa dagdan aňyrda ýaşaýan türkmenler tapýar, Gylyç molla. Biz bu ýerde olar barada hiç zat bilemizok”-- diýip ýazypdyr.
Edebiýat alymlarymyzyň klassyk şahyrlaryň şahsy durmuşyny yzarlanlarynda-da meselä juda ýüzleý garaýandyklaryny tekrarlajak bolýan diňe men däl. Olaryň okyjynyň aňyny bulaşdyryp ýörüşlerinden zeýrenip, döwrümiziň uly şahyry Atamyrat Atabaýewiň ýazan bir goşgusyny ýüzugra size ýatladyp geçeýin:
ÇAKLAMA
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöne ýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.

Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz, zordan Bossantäje ýetenmiş.( Pursatdan peýdalanyp, men Atamyrat Atabaýewe şu goşgusynda “ýapyşalga” bolmaly, ýöne onuň üns bermedik ýene bir deliline-- Mollanepesiň “Aý imdi” şygryndaky: “Tä ölýänçäm Durdyhal diýp aglyrmen”- diýen setirini okyja ýatlatmakçy. Diýmek, Mollanepesem özüniň hak söýgülisi Durdyhala ýetip bilmänden soň Bossantäje öýlenmeli bolýar-da?—A.T.)

Elinden gidirip Annagülini,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip,ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.

Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki,birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?

“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”, Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.

Garaz, hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.

Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür,bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.

Ýerliksiz dawamyz ýok biziň asla,
Ýa şahyryň täleýi ters ozaldan.
Gowy bordy,bir ters many çykmasa,
Söýgi hakda ýazylan her gazaldan.

Şundan soň edebiýatçy alymlarymyz birneme oýlanaýmaly ýaly welin…
17
203
Myrataly
21 May 2023
olia, Hawa gowy menem. Bilemok.Okap bolup pikirini ayday
olia
21 May 2023
Myrataly, salam. Gowy ozn gowmyn? Nm diyip gownume degmeli dushunmedim🤔 yok okap gormedim, bellik ederin bosh wagtym gyzyklanaryn👍🏻
Myrataly
20 May 2023
olia, Salam gowmy ŷagdaŷlaň, gowniňe degen bolmagym mumkin,yone bir kitap maslahat bermek ucin yazdym on okan bolmagyn hem mumkin "En etkin 100" Michael H.Hart.
Myrataly
20 May 2023
olia, Salam
Sunshine lady old
20 May 2023
olia, salam men post paýlaşjak bolsam ýöne içeri gir diýip dur.mundan başga içeri girmeli ýer barmy ?
Myhman
16 May 2023
Gaty gowy post
menesa___
16 May 2023
Edebiýatçy alymlara gaýry, Magtymgulyşynaslar näme işleýäkäler diýdirdi maňa şu kitaby okamsoň :))
olia
16 May 2023
educated, menem arasynda bellik etdima hazirki wariantyny. P.S. diýip bellik edenim meň belliklerim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.