Durmuş toýunyň dowamlylygy we edilýän yrymlar,däp-dessurlar barada durup geçmekçi.
#Her welaýatda,etrapda toýuň geçirilişi tapuwutly bolup bilner...
Toý iki gün dowam edýär.Birilenji güni gyz tarap gündiz aýdylan edýär.Çykjak gyz kellesi ýalykly oturýar.Oglan tarap birilenji güni gündiz çelpek toýy edýärler.Bu ir başlanýar.Goňşy we beýleki myhmanlar çelpek ýaýýar.Öýlenýän oglanyň gelnejeleri(ejesiniň eltileri) çelpek ýapýarlar/bişirýärler.Gazanyň başynda 2-3 bolup oturylýa.Toýa gelen myhmanlar,garyndaşlary bolsa çelpek gazanyna pul atyp(20 manada çenli) çelpegi satyn alýarlar.Hezil ýerem şu 😁.Soňra üşen pullary paýlaşýarlar.Çelpek ýapmanyň dowamlylygynda öýlenýäniň ejesi alyň gelinler eliňiz gyzyp gidendir diýip,
halat-serpaý atýar.Çelpek hamyryny ýaýýançylara we beýkeki myhmanlara ýakyn garyndaşlary tarapyndan birnäçe sowgatjyklar paýlanýar.Şeýdip çelpekler bişýär.Oturanlara nahar äberilýär.Tamamlanýar....
Indi agşam gyz toýy diýip atlandyrýas.Köplenç oglan tarabyň myhmanlary ýaşlar girende şolaň yzynda gelýär...adaty toýlar ýaly sowulýar.Ikilenji güni gyz üçin öýünden aýrylmak güni gelinalyjy güni.Gyz irräjikdän taýýar bolup oturýa.Gyzyň gelnejeleri saçyny örüp berýä.Çykan gyzlaň biri durmuşa çykmadyk gyzlaryň,jigileriniň atlaryny galoşyň aşagyna ýazýar.Bularyň bagty açylsyn,çylasy açylsyn diýen yrym bilen..
Oglan tarapda ir bilen nahar atarylýar köplenç ýarma bilen palow nahary bişirilýär.Doslary oglany geýindirýä.(özi geýinýälaý welin,kamera düşýänçä galstugyny oňaryp beren bolýalar😄) Oglan taýýar bolýança daşarda tans edilýä.Öýlenýäniň gyz jigsi/dogany we iň täze gelnejesi gelinalyjy maşynyna münýär.Ugralýar.Gyzyň öýüne golaýlanlarynda öýlenýän oglan düşüp galýar.Gyzyň öýüne gelinýär.Tans edilýär.Düýnki bişirilen çelpekler bolsa saçaklyk hökmünde gyzyň gelinejelerine berilýär.Anyk bilemok welin olaram ýarsyny alyp galyp,üstünde ýene süýji-köke goýlup yzyna salynýar.Az wagt tans edilenden soň gapa barylýar.Gapynyň agzynda aýallar durýa.Şu ýerde gapyny açmaklary üçin öýlenýäniň agalary we has ýakyn erkek adamlar pul paýlap çykýaralar.Öýe girýäler.Erkek adamlar haly,sandyk,saçak satyn alýarlar.Erkek adamalaň işleri gutardy,daşaryk çykýarlar.Aýal-gyzlar gyzyň otagyna barýarlar.Gyz ýüzi ak ýalyk bilen atylan gyzyl köýnegi geýilgi otyr.Soňra iki gelinejesi geýindirmäge başlaýar.Kürte iki gezek başyna atylyp aýrylýar.Gelnejesi atýar,jorasy aýryp ýere oklaýar.Üçinji gezekde kürte aýrylmaýar.(Men-ä şoňa şeýle düşünýän.Gelnejesi çykýa diýip kürtäni atýa,jorasy çykarmaýyň diýip ýere oklaýa 😀).Joralary gyzyň çemodanyny,beýleki jigleri bolsa bukja diýip taýýarlanan köwüşdir,ýalyklaryny satýarlar.Bulary öýlenýäniň dostlary satyn alýalar.(Aýtmaklaryna görä soň bulary oglanyň özüne satýa ekenler)
Bu wagtda bolsa,gyza geýdirlen eşikleriň birahat edýän ýeri bar bolsa,täzeden oňarylýar. Soň çykýan gyzyň jigsi galoş satýar, öýlenýäniň oglan jigsem gelip satyn alýa/alaýmaly :))
Taýýar bolnandan soň gelini alyp çykýarlar.Şu ýerde ýaşy birçene baryp,heniz bagty açylmadyk gyzy,çykýan gyzyň oturan düşeginde oturtýarlar.Jäjekler ,süýjiler seçilýär.Gyzyň elti boljagy kürtäniň üstünden uly ak ýaglygy atýar, alaja daňýar (maşyna müneninde ak ýaglyk aýrylýar).Öýden çykansoň ýere haly atylyp,töwir galdyrylýar.Ejesi,enesi ýagşy dilegler edýär.Maşyna mündirilýär.Gyzyň kakasynyň aýal doganlary maşynyň yzyny tutup durýalar.Ine bu ýerdede pul bermeli.Aýtmaklaryna görä oglan gyzyň aýagyna basýamyşyn.Oglan gyzdan üstün bolsun,sözi ýöresin diýlip..
Öýe ýetip gelýärkäler köçäniň başyny oglanyň doslary maşynly saklaýar.Öýlenýän oglanam düşüp pul paýlap çykýar.Ýol açylýa.Öýe golaý edilip maşyn goýulýar.Uly ýaşly daýzalaryň biri ýaşlaryň öňünden çykyp,ýüzärlik tüsseletýär.Öýlenýäniň ejesi bolsa gelini äkelip bereni üçin maşyna sowgat/halat atýar.Tans edilip,kelläňe patylap degýän jäjekler bilen gelin gapa getirilýär.Gapa girmezden ozal iki sany jäç goýulýar.Hersi birini döwýär.Sag aýak bilen gelin öýe salynýar.Oglan az salymdan çykyp gidýär.Kendirik ýazylýar.Sary ýag taýýarlanyp goýulýar.Garry gaýyn ýa ýaşy uly daýzalaň biri gelniň elini ýaga,una batyrtýar,eli süpürilýär.Gelni öz bolmaly otagyna salynýar.Elti boljak gelin düşekde ornunda oturýar.Gaýyn sowgat atýa.Gelinem elti boljagyň elinden tutup ýerinden tuzdurýar.Gelin ýerine geçýär.Eline bäbejik berýärler...Soň otagy boşatýarlar,jorasy bilen geline nahar hödürlenýä.
Agşam toýam adaty toý ýaly sowulýar.
Garaz şeýleräk..
Sizde nähiliräk däpler,yrymlar bar??