Melikee
16.05.2023 10:03
Bar gidiber,aýyp görme aglasam,
Gözlem indi görmejegne ynanýar.
Biwepalyk etdiň diýip nalamok,
Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan.

Ykbalyňdan, sowa eken ykbalym,
Senli bagt maňa nesip däl eken.
Aýralyga bir sebäp ýok ýalydy,
Ýöne sebäp juda-juda kän eken.

Söýgiň bakylygyna ýokdy şübhämiz,
Garlar ýagdy ynam eden dagyma.
Aý hawada, kim eýgilik görüpdir,
Ýetjek bolup ýetilmedik salgyma.

Beýdip durmaz,erär gary daglaryň,
Ýürek ýene ýazar söýgi namasyn.
Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan,
Şonuň üçin aýyp görme aglasam..!
17
138
Myhman
17 May 2023
🤪🤪🤪🥇👍👍👍
Myhman
16 May 2023
men ucun yazylan gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.