Gyza berlen jeza. Rowaýat.
Rowaýata görä,geçen zamanlar bir ýurduň patyşasynyň gurduran, ady belli uly galasy bolanmyş,bu galanyn ady abraýy kan ülkelere ýurtlara yayranmyş, ol habary eşdip, del yurtlardan goşun çekip gelen duşmanlar näçe zarba ursalarda, galanyň derwezesini açmak, galany ele salmak başartmandyr, gayta gelen duşman masgara bolup yza zordan aşmana yagdayy tapypdyr. Günlerde bir gün, başga bir ýurtdan, dünyäni sorap duran,has guyçli goşunly duşman,bu gala dokulipdirde,zarba urmana başlapdyr,näme etse-de eger boýun bolar yaly dalmişin, ahyrynda duşman Serkedesi, galanyň daşyny gabamaly we galadan hiç kimi hiç yerik çykarmaly däl diyip buýruk berenmiş, onun pikiriçe şeytsek galanyň halkynyň azyk suwy gutarar we mejbury boyun bolarda derwezesini açar.Yöne birnäçe aý geçse-de uytgeşiklik yokmuşyn, gaytam duşman goşunynyň azygy soňlanyp baryarmyş, nökerleriň arasynda azyk ustinde jeň turup agzalalyga başlanmyşlar. Serkerde şonda-da gitmek hyyaly yokmuş, garaşmaly yza gaýtsak masgara borus, jezalanarys diyip, atlaryny gatyryny soýmana rugsat berenmiş, ine birgunem gapy açylypdyrda ondan bir uly öküz çykyp meydanda gezmeleýämişde ýene yzyna girýämiş, bu ýagdayy gören goşun Serkerdesi, onun gezmelän ýerine gidip göreýin syr bolaýmasyn diyip baryp synlasa, onuň gezen ýerlerinde öküziň tezeklän tezegi diňe arpa bugdaýmyş bu ýagdayy gören Serkerde ruhdan düşüp bar goşunyny ýygnap şey diýipdir: --Galada azyk kän, biz biderek wagt ýitirdik-diyip goren zadyny gürrüň beripdirde, daň bilen ýurdumyza dolanýas diyenmiş. Serkerdänin bir ayratynlygy bar eken, ol hem onuň diýsen owadan syratly keşbiniň barlygymyş...Indi gürruňi galadan açalyn, galadaky patyşa adyl hem akylly adam eken,onuňam owadan yetişen gyzy bar eken, bu gyz şol duşmanlaryň owadan serkedesini hergün synlaýar ekeni, bu ýagday gyzy yşka salanmyş, duşman goşunyň daňdan ýurduna gitjegini eşden gyz,galanyň ýokarsyna çykyp, yşarat edip aşaga hat zynypdyr,Ol hatda şeyle sozler barmyş ""Salam Hormatly Serkerde men siziň owadan keşbiňizi her gun synlap owrenişdim, bu ýagdayyň soňy bolsa aşyk bolmagyma getirdi,sizin ertir gidyanizi eşdip yüregim hasrata dolup ejir çekyän, söygum uçin size komek etmek isleyan,diyip şu setiri yazypdyr (Patyşamyzyn azygy galmady, halky doly guyçden gaçdy,ambarynda barja galan danesi bir haltajyk, ony hem daşary çykyan okuze iydiryar,bu sizi allamak uchin gurulandyr, ýagny azygy entäk gaty kän diyip pikir etmegiň uçin,yene birje zarba ursanyz galany ele alyanyz)haty yazmak bn şa gyzy""
Bu haty okan Serkerde goşunyny täzeden aýaga galmaly we daňa goýman şu wagt hüjime geçmeli diýip buýruk beryär.Şeýlelikde gala az wagtyň içinde ele salynýar,erkek göbek bolsa baryny gylyçdan geçiryärler,aýallaryny, çagalaryny bolsa gul edyärler, Patyşanyň diriligine beýnisini aldyrýar.Duşman serkerdesi ozüne kömek eden gyza minnetdarlyk bildirse-de oňa ynam bildirmeyär, gyzy ýanyna çagyryp şeyle diyyar: -Sen oz mähriban eziz kakaňy, halkyňy satyp biz duşmanlaryňa kömek etdiň, oz ezizleriňi satmany başaran adam ýeri gelende bizi satmany hiç zatça-da görmersinň diýýär we gyzy şeyýe jeza höküm edyär: At arabasyna tigrine elinide ayagyndan daňyp (X) tä bölek bölek bolýança,galanyň daşyndan aýlamaly we öldürmeli, aty hem özüniň çapçaklygyny aydyar.Goý bu herkime sapak bolsun,eşden görene hem halkyma, diyip ol gyzy jezalandyrýar, gyzyn her synasy bir ýerik pytraýar...