Hekaýa. 1-nji bölüm. Söýgi gözelligi. Gözellik we söýgi diýen sözleri her bir aýratyn manyny aňladýar.
Eger iki sözi birleşdirsek, onda başga manylara eýe bolýar.
Güljeren gaty sada, mylaýym we gaty akylly gyzlaryň biridi. Gaty alyp barýan owadanlygy bolmasa hem, ýüregi gaty päkdi, arassady. Okamagy gaty halardy, hemişe elinde kitap bardy. Eline kitap berseň, nahar iýmän, ýatman tä okap gutarýança, Güljeren şol kitabyň hyýaly dünýäsinde ýaşardy. Ejesi urup-sögüp diýen ýaly nahar iýdirdi, köýnek-ýaka etmäni öwrederdi. Mekdepde ähli synpdaşlary halardy, hormatlardy. Barlag işi ýazanlarynda, Güljeren olar üçin elýetmez bagta öwrülýärdi. Gyza synpdaşlaryna kömek etmekden, düşündirmekden lezzet alýardy. Günler, aýlar geçip durdy. Ine-de, Güljeren 9-njy synpyň okuwçysy. Indi gyz öňünde birnäçe maksatlary, meýilnamalary düzüpdi: mekdebi abraý bilen tamamlamak hemem ýokary okuw jaýyna girmek. Ýöne, kim bolmaly? Güljeren kim bolmak isleýär? Gyzyň özi bu soraga jogap berip bilenokdy. Şonuň üçinem ähli dersleri sypdyrman okaýardy. Düşünmedik ýerini mugallymdan soraýardy. Kitaphanada agşama çenli galardy (Eger ejesi ýa dogany jaň edip çagyrmasa, ol kitaphanada ýatyp galardy). Bu ýyl bularyň synpyna täze okuwçy geldi. Döwlet. Döwlet gaty jalaý, ulumsy we özdiýenli oglandy. Gele-gelmäne ilki gözüne ilen hem synplaryndaky, mekdeplerindäki iň owadan gyz Aýjemal boldy. Aýjemalam ýigidi köp kösemän sözüni aldy. Biraz wagtdan ikisiniň duşuşýandyklary hakdaky gürrüň mekdebe ýaýrady. Mekdebiň kitaphanasy kiçidi, iki sany uly bolmadyk otagdan ybaratdy. Içki otagyň çep tarapynda sport meýdançasy bardy. Ol ýerde oglanlar, Döwlet gelenden soňa hasam, gijä çenli futbol oýnamany çykardylar. “A” klasyň oglanlary utdy, “B” klas yza galdy ýaly gürrüňlerem ertesi göni mekdebe ýaýrady. Güljeren özi hem kämahal äpişgeden oýny synlardy, öz ýanyndan aý gol salar, bu utar diýen bolardy. Fulboldan soň, Aýjemal bilen Döwletiň el tutuşyp öýe gaýtýanlaryny Güljeren gör naçe gezekler gördi. Gyz tüýs bir-birege mynasyp ýaşlar hasaplaýardy, ýüreginden olara bagt dileýärdi. Bir ýylam göz açyp-ýumýançaň geçip gitdi. Ähli zat öňki-öňkiligine dowam etse-de ederdi welin... şol baýyrlyga gidilen gezelenç... Ýylyň başynda Aýjemal bilen Döwlet sögüşipdirler, indi bile däl olar ýaly gürrüňler ýaýrady. Güljerene bu gürrüňler indi bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykýardy. “Maňa näme iliň durmuşyndan, men okamaly, okuwa girmeli”-diýip, pikir edýärdi. Hawa, şol gezelenç... Okuwçylar gyş gelmänkä, soňky okuw ýylymyz geliň bilelik dynç alalyň, soň iň soňky jaň diýdi ýene diýdi bile otyrmana gülüşmäne wagt bolmaz diýip dag etegine gezelenje gitdiler. Baýyrlyk ýaşyl –sähralyk, arassa howanyň ysy... gör nähili ajaýyp. Synpdaşlar iýip-içilenden soňra, her kim gezelenç etmek, ýörüşe gitmek ýa-da oýun oýnamak ýaly işlere meşgul boldular. Güljeren gap-çanaklary ýuwup bolandan soňra, hemişe bolşy ýaly, kitabyny eline alyp, bagyň aşagyna, kiçijik çemä aýagyny suwa salyp kitabyny okamaga başlady. Kitabyň gyzykly ýerine ýeten mahaly, birden “Waaa, woooofff” diýen ses eşidildi. Gyz gorkyjyna çeşmä agdarylyp gitdi. Çeşme gaty çuň däldi. Ýerinden turjak bolanda, aýagynyň agyrýany bildi. Kitaby öl-myşşyk bolupdy, sahypalary okar ýaly bolmandy. Gyz gaharly yzyna sereden mahaly, Döwlet aňk-taňk bolup durdy. Ol gyzy gorkuzdym diýip güljegini ýa-da gyza kömek etjegini bilmän durdy. Ony özüne gyzyň gahardan ýaňa ot saçyp duran gözleri getirdi. Derrew kömek etmek bilen boldy:
- Bagyşla, bagyşla beýle gaty gorkarsyň öýtmedim. Bagyşla! Bir ýeriňi agyrdana dälsiň?
- Ýok, kitabym, kitabymyň işini gördüň. Şeýtmek näme gerek boldy, birinji klasyň okuwçysymy sen?! –diýip, suwdan çykmak bilen boldy. Döwlet gyzyň agsaklap çykýanyny görenden:
- Aýagyňy agyrtdyňmy? Getir göreýin. Çykan bolaýmasyn?
- Ýene näme? Saňa aýygymy görkezerin öýtýänmi? Bar, git işiň nilen bol! Futbol oýna!
- Näme aýagyňy alyp gaçyp gider öýtýäňmi? Özüň dik dursuň, çiş ýok, çykyk ýok. Ýöne, agyrdypsyň. Birki güne ýetmän aýrylyp gider- diýip, gyzyň ýoguna bakman aýagynyň ökje ýanyny barlap gördi. Soňam, gyz soramasa hem:
- Menä, bäre gaçyp geldim. Aýjemaldan. Näme maňa biwepalyk edenden soň bagyşlar öýtýärmika... Kellesi işlemeýän ýaly...
Güljeren içinden: “Bu nä maňa içini döküp otyr? Soradymmy senden? Seň derdiňden ýaňa öz derdim ýetik. Kitabymy zaýaladyň sen meň?” –gaharly gepleýärdi. Birdenem gyz:
- Eşek, eşek...- diýdi.
- Maňa eşek diýer ýaly etdim? Gorkuzypdyryn bir gezek ölýäňmi? Aýagyň gutular diýdim-ä?
- Saňa diýemokla, soňam eşekden üýtgeşik ýeriň ýokla.
- Näme?
- Arkaňdan bir süri eşek ary bar...
Ýigit ýuwaşlyk bilen yzyna seretdi. Wyzdyldap diýen ýaly bir süri ullakan, gyzyl arylar hüjüme taýyn bolup durdylar. Döwlet gyzyň elinden tutup: “Gaçdyk” diýip, yglady. Güljerene hem onuň yzyndan yglamakdan başga alaç galmady. Biraz ara açanlarynda, arylar bir ýere ýitirim bolan ýaly boldy. Güljeren uludan-uludan demini alýardy. “Bisssimilla Rahman Rahym” diýip, smarady. Sport bilen öň meşgullanmandygy bildirip durdy. Aslynda, Döwlet bu gyza hormat goýýardy. Hemişe elinde kitap, adama azary ýok, hemişe kömek edýän (aýratynam, barlag işde) ýuwaş gyza garşy bir zatlar duýýardy, bir zatlar özüne çekýärdi. Ýöne, nämedigini bilmeýärdi.
- Arylar nirden çykyp ýör?
- Şonam bileňokmy? Seň atyryň ysyna gelýärler. Atyra suwa düşýän ýaly her gezek üstüňe guýup gelýäň. Klasda otyrar ýaly bolanok.
- Bäh, başga aýtjak zadyň ýokmy?
- Bar, saçyňam bir hili daraýaň, näme meňzeýäni hem belli...
- A gyz, sen özüňe seretsene, ejeň köýnegini geýip gelýän ýaly. Gyz diýeniň bir özüne sereder...
- Näme? ÖKÜZ!
- JÜÝJE!
Bu gürrüňlerden soňra, hersi gaharlanyp ýöräp gitdiler. Tä öýlerine barýança, Güljeren içinden “Men geýen eşigim bilen näme işiň bar diýesene? Özüňe seret! Öküz! Kitabymy zaýalap .... uf borda” diýip geldi. Öýe gelip nahardan soň, kitap okajak boldy welin bolmady. Gulagynda Döwletiň aýdanlary ýaňlanyp durdy: “A gyz, sen özüňe seretsene, ejeň köýnegini geýip gelýän ýaly. Gyz diýeniň bir özüne sereder...” Güljeren gaharly kitabyny ýapdy. Okuw köýnegini geýip gördi. Birhili biraz giň ýalymy? Ýokla, Güljerene muň içinde özüni gaty rahat duýýara. Soňam gyz doganynyň ýanyna baryp:
-Doganym, köýnegim biraz giňräkmi? –diýip, sorady. Gyz dogany edip oturan işinden başyny galdyrman: “Hawa, giň. Ejem diýensoň şeýle tikdim-dä”diýdi. Soňam:
- Hä, daraldyrtjak bolýaňmy? – diýip başyny galdyran mahaly, Güljereniň dodaga çalynýan boýagy alyp, çalyp duranyny gördi. Dogany ýylgyryp:
-A gyz, sen aşyk bolduňmy?
-Ýok! Ony nirden çykardyň? Şu gün (bir samsyk, eşek, öküz, haýwan diýjekdi welin, gyz edebi saklady) klasdaşym bara- diýip, bolup geçen wakany gürrüň berdi. Gyz dogany diňläp:
-Jigim jan, ol oglan dogry aýdypdyr. Sen gyza ahyry özüňe seretmeli, indi uly gyz bolup ýetişdiň. Kitap durmuşyndan başga-da hakyky durmuş bar ahyry – diýip, jigisiniň köýnegini daraltmana durdy. Edil meňzeşräk ýagdaý, Döwletiň öýünde hem bolup geçdi. Öýe gelip, atyryny yslap gördi. Gül ýaly ysy bar. Hawa, atyrynyň ysy biraz ýitiräk. Bolanda näme. Nahar başynda ejesi:
-Oglum, näme beýle alada batdyň?
-Eje, şu gün jüüý ....yhmm, eje meň atyrymyň ysy gaty erbetmi?
-Oglum, ysy ýiti-dä, senem üstüňe sepip bileniňi sepip gidýäň. Meň-ä, göni kelläme urýar. Başga biraz ysy pesräk bir zat alsaň...
Ertesi Döwlet kakasynyň atyryny sepip geldi, Güljeren köýnegini daraldyp geldi. Ýöne, muňa ol ikisinden başga hiç kim ünsem bermedi, aňmadylaram. Gyşky dynç alyş sowlandan soňra, okuwlar ýene açylypdy. Indi oglanlar futboly sport zalynda oýnamaly bolýardylar. Güljerenem şol öňkisi ýaly, söýgili ýeri kitahanady. Bir gün kitaphanadan biräz gijiräk çykyp, öýe gaýdyp barýarka, öňünden goňşusy Arslan we ýene dört sany oglan çykdy. Arslan bilen Güljeren goňşy ýaşaýardylar. Bile çagalar bagyna gitseler hem, hersi aýratyn mekdebe gatnamaly boldylar. Arslan gaty garagol oglandy. Kiçi wagtlaryndan başlap, Güljerene öý işini etdirýärdi. Güljeren hemişe kömek etmäge taýýardy, emma ýüz berseň ýüzin düşdi diýleni boldy. Soň-soňlar Arslan Güljereniň eline depderini zyňyp, “Me, işle” diýip gitýärdi. Bulam gyza ýaramady. “Ýok, özüň et, işle, oka” diýipdi. Oglan gyza gorkuzsa hem, gyz öz diýeni tutdy. Bu günem gyzy gorkuzyp, diýenini etdirjek bolýardy. Soňam, ejesi: “Güljeren, okuwyny gutarsa, gelin edip alarys, ejesine aýdyp goýdum” diýenden soňa, geçisi daga ýaýrapdy. Indi, Güljeren hökman diýenini edäýmelidi. Gyza gorky aralaşdy. Onda-da, gorkamaýany bildirmejek bolup, ýöräp geçip gitjek boldy. Arslan öňünde durdy, goýbermedi.
- Soňky, gezek soraýan, etjekmi meň diýenimi ýa ýok?
- Goýber elimi, agyrtýaň.
- Hawa, diý etjek diý, bol ýogsa işiň gaýtýar
- Goýber, goýber...
Dowamy bar.