YGRAR
Oýalygmy ogurlatdym oýlara,
Ukymy utdurdym, duşdum-da saña.
Sähel ýerde kölegäme büdredim,
Körlükden ýaña.
Gözelligñe ýesir düşdüm, Şeýdip sen
Kalbyma bagyş etdiñ ruhy terlenme.
Saña duşan günüm düşünipdim men,
Gözleñ maña näme üçin berlenne.
Duýdurmazdan pany dünýäñ darlygyn,
Ylham berdiñ, ylham bilen ýaşatdyñ.
Ýöne ilki ganat berip uçmaga,
Soñ näme üçin ganatlarma daş atdyñ?
Indi ömrüñ öwrümlerne öwelip,
Käte göwnüm bolup özümden geçjek.
Ellerimi boş gaýtarma, bolmanda,
Gussa tutdur bir ýürege ýerleşjek.
Kölegäñe dönüp, bile galaýyn,
Öz okunda aýlanýarka entek Ýer,
Söýmeseñem, bir görümsiz myhman men
Senden gitmek niýetim ýok entekler!
Mukam MUHAMOW.
..
BIRMAHAL…
Halys ýekelige höwrügipdirin,
Indi senli günler galypdyr daşda.
Keseki birine öwrülipdirin,
Kän aýdym öwrenip adyňdan başga.
Söýginiň äýnegi gaçdy gözümden,
Ýörär ýolum şonsuz has aýan eken.
Diňe ikimiz däl, ýeriň ýüzünde
başga adamlaram ýaşaýan eken.
Tolkunlar getirip, kenara zyňdy,
Ellerim galgadyp galdym ýyllara.
Gözüň ýok äleme deňäre indi,
Ýüregiň ýok mähri bilen ýylnara.
Birmahal döz gelip alawly yşka,
Hasratyna gözlerimi ýumdumam.
…Kän aýdym öwretdiň adyňdan başga,
Käbirini ýetişdim men undubam.
Mukam MUHAMOW.
*****
Kimler bardy?