Awstraliýanyň ýaşaýjysy öýünde diňe bir lampoçkadan peýdalanýar we elektrik toguny tygşytlamak üçin ony bir otagdan beýleki otaga geçirýär diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Martin Bonjorno diýen adam işinde heläkçilige uçranyndan bäri maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýändigini gürrüň berýär. Indi saglygy sebäpli ol öz kommunal hyzmatlary üçin hasaplaryny töläp bilenok we ähli zat babatda tygşytly ýaşamaga mejbur bolýar. Mysal üçin, elektrik toguny sarp etmegi azaltmak üçin öýünde ýekeje lampa ulanýar.
«Meniň ýekeje lampam bar, eger bir otagdan beýlekä geçmeli bolsam, ony aýryp beýleki otagyma dakmaly bolýaryn» diýip, Martin gürrüň berýär.
Bonjorno indi öýünde nahar-şor etmeýär, gyzgyn duşdan peýdalanmaýar we mazaly garaňky düşýänçä çyrany ýakmaýar.