* Nije keseller bar; eliňden gelmeýän zady islemekden döreýär.
* Durmuş iňňän ýowuz mugallym. Öňürti synag edýär, soňra sapak berýär.
* Seni bolşuňdan başga hili tanap söýenlerinden, bolşuň ýaly tanap ýigrenenleri ýegdir.
* Dostum, durmuşy saňa görkezişleri ýaly kabul etme. Durmuşyň mundan has oňat bolup biljekdigine özüňi ynandyr.
* Umytsyzlyk sebäpli gorkup gaçma. Umyt umytsyzlygyň aňyrsyndadyr. Ýöre-de ony aşyp geç. Garaňky geçidiň aňyrsynda yşyk görersiň.
* Adam özüni idip barýanyň yzyndan öz islegi bilen barýan wagty baglydygyny duýmaz; ýöne aýak diräp, daşlaşyp, özbaşyna ýöremäge başlan mahaly ezýet baryny çeker.
* Adam diňe ýeke bir zady islemeli we dynman diňe şony islemeli; ana, şo mahal oňa ýetäýmegi gaty ahmal.
* Ruhumyzyň gummaty artan bolsa, bu onuň başga ruhlara görä has yhlasly tutaşýany üçindir.
* Gözel geljegiň ýoluna göz dikip, görmegeý ýaşlygymyzy tozdurýardyk; hawa, hut şol ýerde ykjam ýalňyşýardyk.
* Kitabym saňa özünden beter, öz-özüň bilen gyzyklanmagy öwretsin. Soňra-da özüňden has beter başgalar bilen gyzyklanmagy…
* Zeýrençler, öz-özüňe nebsiň agyrmalar, ökünçler… yzdan garalanda, geçmişiň begnçli pursatlary bolup galar. Geçmişe garamagy halamaýaryn we geçmişimi uzaklarda galdyrýaryn; edil bir guşuň uçmakçy bolanda kölegesini terk edişi ýaly.
* Kenardan uzaklaşmaga bogny ysmaýan adam täze ummanlary açyp bilmez.
* Garaňka sögmek ýerine, bir yşyk ýakyň, göwnüňiz galkynar.
* Köp gaýtalanan tankytlar we çykyşlar täsirini gowşadýar. Edil ýekejesine basaňda aýagy agyrdýan çagyl daşynyň, birgideniniň üstünden ýöräňde täsirini ýitirişi ýaly.