Hiç kim siziň ýazgylaryňyza we laýklaryňyza mätäç däldirTanyş bir agza zeýrenýär: "Suratymy Instagram-da ýerleşdirdim, diňe ýigrimi laýk goýupdyrlar ...". Bir dostum gynanýar: “Men manyly sitata ýazdym, on bäş laýk goýupdyrlar. Men samsyk pişigimi goýdum- birbada 35 laýk aldy."
Bu şikaýatlara gülkim gelýär. Adamlar öz pikirleriniň we suratlarynyň kimdir birini gyzyklandyrýar diýip tüýs ýürekden pikir edýärler. Laýklaryny hasaplaýarlar, kimiň dislike goýandygyny görýärler, gaty tolgunýarlar. Her birimizde näçeräk gülkünç ambisiýa bar. Hawa, "manyly, akylly sitaralarymyz, ýazgylarymyz" hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Kimdir biri halaýan bolsa - diňe özi üçin laýk basýar.
Öwrenmeli programmada hemme agzalara üstünlik arzuw edýärin! Indi hiç bir tolgunmazdan öz postlarymyzy göýup bileris we dislike meselämiz hiç hili bizi gyzyklandyrmaz. Aslynda dislaýky köplenç ýagdaýda myhmanlar goýýar. Sebäbi men olar özleriniň faýk hasabyndan (hasabyndan çykyp myhman bolup) girýän agzalar diýip pikir edýärin. Hemmäňize üstünlik👍 Päsgelçilikleri ýeňip geçip, diňe öňe! ❤