Dusia
14.05.2023 15:00
Ol diňe enäniň ak süýdün bilýär.
Şondan başga zada ýetenok akly.
Ýöne onuň eýýäm adam ady bar –
Ýaşamaga hakly, iýmäge hakly.
Aglamaga hakly, gülmäge hakly.
Aglaýar çagajyk (bolsa-da erkek!),
Erkekleriň aglamaly däldigin
Bilenok köşejik, bilenok entek

Häzirlikçe goý, aglasa aglasyn,
Çagalara agy üçin temmi ýok.
Olar oňat düşünýärler bir zada
–Aglamasaň – wah, emme ýok, memme ýok.

Bilemok, adyna näme dakdyňyz
–Ajap atlar köpdür, ýene-de köp bor:
Ýöne at dakynmak aňsat-da bolsa,
Olara eýelik etmekde gep bar.
Arslan, Ýolbars diýip at dakdyk bir gün
(Şoňa mynasypdy ekizje oglan).
Ýöne on sekizden ötüp-ötmänkä
Biri tilki boldy, birisi şagal.
Ýene iki çaga at dakdyk bir gün.
Öňkä şükür etdik. Bu onça-da ýok:
Geçi bolup çykdy Serdar dakanmyz,
Batyr dakanymyz towşança-da ýok,
Ikisi-de gaçdy enesin taşlap:
Biri işden gorkdy, biri okuwdan
Birisi mäläp ýör Sibirde gagşap,
Beýlekisem agaç çapýar tokaýdan.
Onsoň iki gyza at dakdyk bir gün.
Ikisi-de çykdy adyndan arzan:
Misden arzan çykdy Merjen dakanmyz,
Altyn hem – bir gujak odundan arzan.
Dakyň çagaňyza iň ajap ady,
Seçiň-saýlaň täzesinden täzesin.
Ýöne çagamyzy at bezäp bilmez,
Goý, çagamyz öz adyny bezesin...
43
841
Dusia
20 May 2023
Imissyou, minnetdar!
Dusia
20 May 2023
Hiç gynanamok kiçijigem bolsa ýodajyk gurandyryn diýip umyt edýän 🙂 Planda ýol bardy
Dusia
20 May 2023
Imissyou, nu da bulam bir durmuşdan göçürme, birinji gezegä dâldidei iru giç garaşýadym)
Dusia
20 May 2023
Imissyou, çünki Dusiadan öwrenmäge zat gutardy wse inni peýda ýok 😁
Ayesha
15 May 2023
dusia_maksatmyradowna, dogry yone aydanynyzda da jan bar
Dusia
14 May 2023
Ayesha, aý ol söz Tm gelinleriň öňüne galkany bolaýmasa özleri isleseler hojaýynyň islemeýän zadyny etdirýäler 😅
melekkk.99
14 May 2023
Ayesha, mena islami atdygyny bilyan bilmedimda haysy yurdun dakyanny
Ayesha
14 May 2023
Bizin milletde seyle gawanjanlyk guyclimi diyyan ya ynanmazcylykmy bilmeyan haysy gelini gurletsen seyle hojoyun rugsat bermez hojoyun etmez so hojoyun hojoyun diyiwem depesine cykaryada turkmen zenany arlerini sondan so
okyjy dz
14 May 2023
Bitter, düşünjejigine👍
Ayesha
14 May 2023
Gyz ucin Milena oglan ucin Gowsut diyip at saylamakcy eger hacanam bolsa bir wagt toy edemson perzentlerim bolon wagty
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.