k_25n
14.05.2023 00:21
JÜNEÝIT HAN
Jüneýit hanyň hakyky ady Gurbanmämmet serdar
bolup, ol 1862-nji ýylda häzirki Tagta etrabynyň
Bedirkent obasynda dogulýar. Onuň kakasynyň ady –
Hajybaý. Jüneýit han ýomutlaryň orsukçy urugynyň
Jüneýit tiresindendir. Onuň ogullary Eşşi bilen Eýmir
hem örän edermen ýigitler bolupdyr. Jüneýit han
birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir.
20-nji asyryň başlarynda Hywa hany patyşa
hökümetiniň goldawyna daýanyp, türkmenleriň
üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen,
olara agyr düşýän ýer-suw we salgyt reformasyny
geçirmäge synanyşýar. Şonsuz hem patyşa hökümetiniň
kolonial syýasaty zerarly horluk baryny gören türkmenler
ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar. Türkmeniň şeýle agyr
ýagdaýa düşmegi, Jüneýit hany orta çykarýar. Ilkibada
ol özüniň gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny 69
töweregine jemläp, serdar adyna mynasyp bolýar. Soňra
ownugrak galtamanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini
özüne tabyn edýär, hatda, adalatyň hatyrasy üçin
özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri
bilen ol il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady
bilen baglanyşykly ony Jüneýit han diýip atlandyryp
başlaýarlar. Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyň garyp ýa-
da baý bolmagyna garamazdan, olaryň ar-namysyny,
hak-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýit hanyň
adalatly taraplary barada ilat arasynda aýdylýan
gürrüňler köp. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: «Bir gün
Jüneýit hanyň ýanyna ýomutlaryň uşak urugyndan
bir pukara gelipdir. Ol: – Alty ýyllap baýyň dowaryny
bakdym, keýwanym hem şolaryň gapysynda hyzmat
etdi, indem dogmamyz ýetişdi, öýli-işikli etmek üçin
mal-teňňe gerek diýsem, ýeňsesi bilen gepleşýär – diýip,
hana arz edipdir. Onda Jüneýit han: – Näme üçin öňräk
gelmediň? – diýipdir. Ol: – Hudaýlygymy sözlesem,
şol baý siziň bilen gatnaşykly bolansoň çekindim –
diýip jogap berýär. Onda Jüneýit han: – Özünden ejizi
ynjydýan bolsa, iki gözümiň birem bolsa, menden şoňa
eglişik bolmaz. Onda şeýdýäs, alty ýyllyk hakyň üçin
baý gyzyny seniň ogluňa berer. Häzir men seniň üçin
birküç adamy sawçylyga iberjek. Aýalyň hyzmatynam 70
öýüňe ýetip ýetmänkäň üzülişer ýaly ederin. Bu gürrüňe
agzy uçuklan pukara zordan gürrüňini düşündiripdir.
Ýöne han gürrüňi çagalatmandyr: – Bar-da toý gamyň
bilen boluber, saňa, täze guruljak ojaga gyýa göz bilen
garamaga milt etse, men şol baýa ärmemmet diýerin –
diýipdir».
1912-13-nji ýyllarda Hywa hany patyşa hökümetiniň
kömek bermegi netijesinde türkmen obalaryndaky
gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär.
Jüneýit han bolsa türkmenleri töweregine jemläp,
olara garşylyk gerkezýär. Indi Jüneýit hany diňe
türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan
syýasatyndan nägile bolan özbekler, garagalpaklar,
gazaklar hem işjeň goldapdyrlar. Ol halkyň bähbidini
hiç bir zada çalyşmandyr. 1913-nji ýylda türkmenleriň
ýaraglanan topary 15 müňe ýetipdir. Türküstandan
patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Juiýeýit hanyň
uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri
hem oňat düşünipdirler. Şoňa görä-de 1914-nji ýyldan
başlap Juiýeýit hanyň ähli alyp baran işlerine ilki
german-türk, soňra bolsa iňlis-türk razwedkasy goldaw
berýär.
1916-njy ýylda Hywa hanynyň eden-etdiligi, patyşa
Russiýasynyň kolonial sütemi diňe bir türkmenleriň 71
däl, eýsem özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki
halklaryň hem halys degnasyna degýär. Hywa hany
ýerli halkyň namysyna degip, hatda ýetişen gyzlary
zorluk bilen alyp, öz köşgüne getirmäge çenli baryp
ýetýär. Şonuň üçin Jüneýit han Türkmeniň ar-namysy
üçin ykjam aýaga galýar. Ony goldaýan toparlar has
köpelýär. Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly
çözmegi başarypdyr. Jüneýit han gerek ýerinde näçe
gazaply bolan-da bolsa, yslam dininiň we şerigatyň
düzgünini dogry hem berk ýöredipdir. Bu meselede ol
Han işan bilen bilelikde hereket edip, Hywa hanlygyny,
başarsa, bütin Türküstany rus basybalyjylaryndan azat
etmäge synanyşýar. Ýöne bu meselede Hywa hany
Isfendiýar belli bir derejede päsgel berýärdi. Onuň
etmişlerl zerarly, özbekler, garagalpaklar häli-şindi
Jüneýit handan kömek sorap, arz edip gelýär eken. 1916-
njy ýylyň ýanwarylda Hojailidäki özbekler özleriniň
nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende, Isfendiýar han
olary tussag edýär. Hojailiniň ýaşululary kömek sorap,
Jüneýit hana ýüz tutýarlar. Ol hem 3 müň atly nöker
bilen Hywa galasynyň sebitine gelip, tussag edilenler
bir gije-gündiziň dowamynda boşadylmasa, paýtagta
girip, ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendiýar hana
duýdurýar. Gepleşik netije bermänsoň Jüneýit han 72
diýenini hem edýär. Isfendiýar hany bolsa tagtdan
düşürýär. Emma patyşa admipistrasiýasynyň bu işe
goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär. Jüneýit
han bolsa ondan 60 müň manat hun alyp, ýene-de yzyna
dolanýar. Ýöne ýurtda halk gozgalaňy barha möwç
alýar. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Galkiniň
ýolbaşçylygynda jeza beriji otrýad türkmen obalarynyň
içinden ot we gylyç bilen geçýär. Bu gyrgynçylyk ilat
arasynda häli-şindilerem «Galkin ýyly» diýip ýigrenç
bilen ýatlanylýar.
1916-njy ýylyň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan
soň, Jüneýit han Owganystana gidýär. 1917-nji ýylyň
sentýabrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp
gelende, ýurtda ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi. Hywada
wagtlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde
halkyň rewolýusion hereketine garşy aýgytly göreş
alyp barýardy. Jüneýit hanyň ozalky alyp baran ähli
göreşi rus kolonizatorlaryna we Isfendiýar hanyň eden-
etdiligine garşy gönükdirilen bolsa, indi wagtlaýynça
olar bilen umumy ylalaşyga gelip, Sowet häkimiýetine
garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendiýar han hem
Juiýeýit hanyň güýjüne daýanmasa, ýurdy özbaşdak
dolandyryp biljek däldi.
Hywa tagtynda başga bir han otursa-da, hakykatda 73
1918-20-nji ýyllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýit
hanyň özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan
ýörite wekil goýýar. Ol berkarar eden tertip-düzgünine
tabyn bolmadyklara dözümli darapdyr. Hut şonuň
üçin Jüneýit hanyň ýurdy dolandyran döwründe
ogurlyk, talaňçylyk, günäsiz adamy öldürmek, esassyz
nika bozmak ýaly türkmençilige mahsus bolmadyk
hadysalar bolmandyr. Şol döwri gören ýaşulularyň
aýtmagyna görä, hemme zat ýatan-ýatan ýerinde, hiç
kim kişiniň zadyna birugsat el degirmändir.
1918-nji ýylyň baharynda Bedirkent obasynda
başlanan ilkinji elektrostansiýanyň gurluşygy soňy bilen
hanyň raýatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken.
Ol özüniň manatlyk teňňe puluny çykardýar we salgyt
sistemasyny girizýär. Bu, elbetde, özbaşdak türkmen
döwletini döretmäge bolan synanyşygyň alamatydyr.
Hywa hany Isfendiýar eden-etdilige ýüz urup,
halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýit hanyň geçirýän
çärelerine päsgelçilik döretmege synanyşýar. Şonuň
üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ol Jüneýit
hanyň görkezmesi boýunça özüniň «Nurullabaý»
köşgünde öldürilýär. Onuň ýerine Isfendiýaryň kiçi
dogany Seýit Abdylla töräni tagta çykarýar. Emma ähli
häkimiýet Jüneýit hanyň elinde jemlenýär: Ol Angliýa, 74
Türkiýe, Owganystan, Eýran, Buhara we Türküstanyň
ähli künjekleri bilen aragatnaşyk saklaýar.
1918-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Jüneýit hanyň
Dörtgülde Sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden
hüjümi şowsuz gutarýar. Ol 1919-njy ýylyň 9-njy
aprelinde Tagta etrabynda Sowet häkimiýeti bilen
parahatçylykly ýaşaşmak baradaky ylalaşyga gol çekýär.
Gol çekişligiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,
Zakaspi frontunyň ştaby front üçin 700 atly nöker
ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär. Emma Jüneýit
han bu haýyşy kanagatlandyrmak islemändir. Eger
kömege iberäýende-de, köp mukdarda ok-ýarag
talap edipdir. Üstesine-de, kömege iberiljek atlylary
musulmanlaryň, aýratynam Oraz serdaryň we Eziz
hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdurýar (ol
Eziz han bilen ýakyn aragatnaşykda eken). Sowet
häkimiýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.
1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkentde we
Gazawatda Gyzyl Goşun bilen bolan aýgytly söweşden
soň, Jüneýit hanyň atlylary öz maşgalalary bilen guma –
Akjaguýy diýen ýere çekilýär. 1921-nji ýylyň aprelinde
Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganystandan, Şyhym
Sülgüniň ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3 müň
tüpeň, 54 müň ok, birnäçe pulemýot we başga-da 75
dürli harytlar ýüklenen kerwen gelýär. 1924-nji ýylda
Garagumda Palçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýit
hana Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri,
ýarag we başga harytlar gelýär. Şol ýylyň ýanwarynda
ol Daşhowuz, Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly
etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar. Emma Gyzyl
Goşunyň jemlenen uly otrýady Jüneýit hanyň toparyna
güýçli zarba urandan soň, ol ýene-de guma çekilmäge
mejbur bolýar.
Sowet häkimiýetiniň wekilleri Garagumda ornaşan
Jüneýit han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler
geçirýär. Oňa G. Atabaýew, N. Aýtakow dagy hem uly
sarpa goýupdyrlar. Halk Komissarlar Soweti 1925-nji
ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň
we graždan hukugynyň eldegrilmesizdigini ykrar
edýär. Jüneýit hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5
müň gektar ýer bolup berip, olary üç ýyllap salgytdan
boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňünde
tutulýar. Emma Jüneýit han ylalaşyga girmändir.
Ylalaşyga gelmän akylly iş edipdir. Jüneýit hanyň
mamladygyny soňky wakalar görkezdi. Sebäbi Gaýgysyz
Atabaýewiň özi hem totalitar düzgüniň pidasy boldy.
1927-nji ýylda Jüneýit hanyň Sowet häkimiýetine
garşy Ýylanlynyň töwereklerinde alyp baran birnäçe söweş hereketleri şowsuz gutarýar. Şondan soň, 1928-
nji ýylyň iýun aýynyň aýagynda az sanly nökerleri bilep
Eýrana geçýär. Soňra 1929-njy ýylda Owganystana
göçüp, Hyrat welaýatynyň obalarynda türkmenleriň
arasynda mekan tutýar we 1938-nji ýylda şol ýerde
aradan çykýar. Eşşiniň iki ogly Elem serdar bilen
Saýer Hyrat şäherinde ýaşaýar. Eşşiniň uly ogly Taýça
soň Ekrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdyr.
Taýçanyň 4 ogly häzir Eýranda ýaşaýar.
Jüneýit han käbir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de
bolsa, umuman, onuň alyp baran işleri adalatly we külli
türkmeni birikdirip, bitewi özbaşdak döwlet döretmäge
edilen synanyşyk bolupdyr. Ol daşary ýurtlarda
bolanda-da öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir,
türkmen adyny belent tutupdyr.
22
377
Myhman
15 May 2023
Onuñ maslygyny gijañ yary 4 gatyryñ ortasyna şal dùşap teletine gaplap getiripdirler.
Myhman
15 May 2023
Juneyt hanyñ gubury Ysmamyt ata òwlùýasinde.yone taryhda basgaca yazlan.hic kim bilenok.hic yerde aydylmadyk.gizlin saklanan nirdedigi
Neo
15 May 2023
Olka, taze postumada bir goz gezdirip baha ber any 🌝
Olka
15 May 2023
Post gowy 👍👍Jüneýt hanyň newereleri häzirlerem känbir halanmaýa
olia
14 May 2023
okyjy dz, ha wiy yanlyshypdyryn onda. Men ozunden.
okyjy dz
14 May 2023
Sizem aýdaýyň nirdenligňizi bilesim gelýä,Göroglyň öžümi ýa...
okyjy dz
14 May 2023
Prawda däl
okyjy dz
14 May 2023
abat, olia, gyzlar Durdy Çylyç adyndaky daýhan birleşik,öňki ady Lenin kalhozy
Myhman
14 May 2023
Hakyky surat yazga dogry gelenokmy namemi
k_25n
14 May 2023
hezil edip okadym gowy teswirler galdyrypsynz 🙂 sagbolun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.