Rus kinorežissýory Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» atly filmi prokatda we striming meýdançalarda girdejileri yzarlaýan «The Numbers» portalynyň netijesi boýunça 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleri boldy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Çeburaşka» bu sanawda 20-nji orny eýeledi, sanawda Klim Şipenkonyň «Çagyryş» atly kosmos dramasy hem bar, ol 49-njy orunda ýerleşdi.
12-nji maýda «Çeburaşka» prokatda 86,1 million dollar toplap, Ben Afflegiň 85,4 million dollar toplan «Air: uly böküş» we Gaý Riçiniň 27,5 mln dollar toplan «Kysmat» operasiýasy: ýeňmek sungaty» hem-de 15,2 million dollarlyk kassa ýygymly «Terjimeçi» filmlerinden ozdurmagy başardy.
Portalyň maglumatlaryna laýyklykda, «Çagyryş» 10,5 mln dollar toplady. Sanawyň başyny 1,1 milliard dollar bilen «Doganlar super Mario kinoda» multfilmi çekdi.