jemal_seyitniyazowa
13.05.2023 13:39
Omar. Omar agam hany biz doňdurma iýmäge gitjekdik diýip gygyrýardy kiçijek Aýşa. Meniň melegim, bolýa gideris ýöne ilki namazy okaly, seret azan okaldy diýip kiçijek jigisi Aýşany köşeşdirdi. Soňra täret almaga gitdi.
Täret  almaga gidip barýarka hem başy öňe egik halda ýöreýärdi. Heňiz 18 ýaşynda bolmagyna garamazdan ýaşyndan has üstündi. Gowy maşgala terbiýesi bilen terbiýelenen, ynamdar we jomart ýigitdi. Şeýle bir owadandy ejesi oňa Ýusup'um diýip seslenerdi. Goňşylary, maşgala dostlary we daşarda görenler bir seredenlerinde oňa täzeden arkalaryna öwrülip görerlerdi.
Boýy uzyn omuzlary giňdi.
Saçlary biraz ösgün we buýrady.
Dowamly saka göýberip, biraz ösdürerdi.
Gözleri goýy goňurdy.
Ol mydama ResulAlla'nyň sünnetini dowam etdirip gözlerine çalaja sürme çyzardy.
Uzyn we özüne çekiji kirpikleri hem ol gara-gara gözlerine görk bererdi.
Görenler oňa tüweleme diýişip gowy sözler aýdýardy.
Ýöne Omar ol sözlere garşy has hem gowy görünjek bolmaýardy.
Tersine ol utanýardy. Maşgalasy, mugallymlary, ony hemişe gollaýar we ogullaryna mysal edip aýdyp berýärdi.
Çünki Omar dini wezipelerini uly bir tämizlik bilen ýerine ýetirýärdi.
Hemişe maşgalasyny sylaýar we töweregindäki ynsanlary hem ynjytmazlyga gaýrat edýärdi. Hakykatdanam her kime nusga bolup biljek ýigitdi. Sebäbi ol hem nebis göterýärdi, nebsiň arzuwlaryndan kyn saklanýardy özüne we nebsine diýen etdirip dinini mydama goraýardy.
Omar täretini alanyndan soňra her namazyndaky geýýän egin eşigini geýdi.
Ünsli namaz okamak üçin ähli zadyna üns bererdi. Her namaz wagty aýry bir höwes bardy içinde. Namaz okamagy gowy görýärdi. Nirede durandygyny gowy bilýärdi. Rebbi bilen duşuşmagy onuň bilen gowuşmagy gaty gowy görýärdi. Ak we uzyn köýnegini geýeninden soňra başyna tahýasyny geçirdi.
Gül ysyny çaldy ýüzüne we ýylgyrdy.
Saňa gelýärin Allahym diýdi-de Gül ysly namazlygyny ýere ýazdy.
Sürmeli gözlerinden sakalyna ýaş dökülýärdi. Allahu Ekber diýeninde ýüreginiň uruşy üýtgeýärdi.
Ýene söýgülisi bilen birinji gezek duşuşan ýigidiň duýgusy ýaly höweslidi. Uly söýgi bilen namazyny okady. Bolanyndan soňra ellerini açyp dileg etmäge başlady. Şol wagt içeri jigisi geldi we Omaryň gujagynda oturdy. Aýalaryny doganynyň aýasynda goýdy we doganynyň edýän dileglerine ýeke-ýeke ämin diýdi.
37
302
jemal_seyitniyazowa
13 May 2023
gulshatayewa97, ol başga hekaýa bolmaly💙🦋
melek06
13 May 2023
gulshatayewa97, Ýok soňy gaty gowy gutarýa:)
jemal_seyitniyazowa
13 May 2023
seljukly, dowamy kändi käbir sebäpler bilen goýmak islemedim.
Sheýda
13 May 2023
🔥 🥺 ....
gulshatayewa97
13 May 2023
Şul oglan aýrylýadymy hekaýaň soňunda
Myhman
13 May 2023
Salam
okyjy dz
13 May 2023
Men Emine goýdum gyzyma
okyjy dz
13 May 2023
seljukly, gowy at goýupsyň,adyna eýe bolsun!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.