Beýik Hytaý diwary dünýä syýahatçylarynyň iň köp
gelim-gidimli ýerleriniň sanawynda ilkinji üçlükde ýerleşýär. Uzynlygy 21 müň kilometrden geçýän Beýik Hytaý diwaryny görmäge gelýän syýahatçylaryň sany 11 milliondan hem aňyrda. Ýurduň iň ajaýyp ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýan bu diwarlaryň beýikligi 7, ini bolsa 6 metrdir. Bu ýerde diwaryň gurluşygynyň alnyp barlan seneleriniň ýazylan ýerlerine-de duş gelmek mümkin. Onuň iň beýik nokady hasaplanylýan Badalin deňiz derejesinden 1015 metr beýiklikde ýerleşýär. Beýik Hytaý diwary barada birnäçe taryhy kinofilmleriň döredilendigini hem ýatlamak gerek. XIV — XVII asyrlara degişli bolan bu taryhy ýadygärlikde dünýäniň iň tanymal we meşhur şahsyýetleri, kino ýyldyzlary foto we wideo şekillere düşmek üçin birnäçe günläp syýahatda bolýarlar.