Häzirki wagtda orta mekdepde soňky ýylyny geçirýän okuwçylar eýýäm şu günlerden orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine hyýallanýarlar. Şol hyýallaryň hakykata öwrülmegine eltýän ýol bolsa giriş synaglaryndan başlanýar.
Şonuň üçin-de, umumybilim edaralarynyň uçurymlarynyň döwlet ýokary we orta hünär bilimi edaralaryna kabul edilişi bilen baglanyşykly iň köp ýüze çykýan sowallara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgärleri tarapyndan berlen jogaplary siziň dykgatyňyza ýetirýäris:
1. Orta mekdebi tamamlan ýokary ýa-da orta hünär bilimi almak isleýän ýaşlarymyz nähili şertlerde hünär bilim edaralaryna okuwa kabul edilýär?
— Hünär bilimini almak üçin döwlet bilim edaralaryna okuwa kabul etmek arzalar boýunça bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşik esasynda amala aşyrylýar diýildigi dalaşgärler saýlap alan hünärlerine degişli tertipde synaglary tabşyrmaly we synaglarda deň netije görkezenler üçin bäsleşik geçirilýär.
2. Orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirmek isleýän dalaşgärler özleriniň okuwa kabul edilmegi üçin bildirilýän umumy talaplar bilen nähili tanşyp bilerler?
— Türkmenistanyň bilim ulgamy bilen baglanyşykly hukuk kadalary «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilýär. Kanunyň 18-nji maddasynyň 6-njy bendine laýyklykda, döwlet orta we ýokary hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmeklik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan «Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guramagyň we geçirmegiň Tertibi» esasynda amala aşyrylýar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärler okuw ýyly doly tamamlanandan soň, metbugatda hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlarynda okuw mekdeplerinde hereket edýän hünärler, dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul edýän toparlara hödürlemeli resminamalarynyň sanawy, resminamalaryň kabul ediljek ýerleri we wagty, synaglary geçirmegiň tertibi we beýleki gyzyklandyrjak soraglar bilen tanşyp bilerler.
3. Dalaşgärler giriş synaglarynynyň geçiş tertibi barada nämeleri bilmeli?
— Dalaşgärleriň saýlap alan sowalnamasynda görkezilen soraglaryň ählisine doly we dogry jogap beren dalaşgärler synagy üstünlikli tabşyrdy diýilip hasaplanýar. «Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guramagyň we geçirmegiň Tertibine» laýyklykda, okuwa girmäge dalaş edýäniň giriş synaglaryň ählisi boýunça oňyn netije gazanmagy hökmany bolup durýar. Giriş synaglarynynyň talaplaryna laýyklykda, synag sowalnamasyny we ondaky soraglary çalyşmak bolmaýar.
4. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler haýsy ýagdaýlarda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine bäsleşiksiz kabul edilýär?
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bu mesele barada-da giňişleýin düşünje berilýär. Resminamada döwlet hünär bilimi edaralaryna giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärleriň hataryndan, ilkinji nobatda, ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň (ýagny doly ýetim çagalar göz öňünde tutulan) bäsleşiksiz kabul edilmelidigi nygtalýar. Beýle diýildigi, ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň synaglary tabşyrmazdan okuwa kabul edilýändigini aňlatmaýar. Dalaşgärleriň giriş synaglary boýunça synag sowalnamasyndaky soraglara talaba laýyk jogap bermeklerini talap edilýär.
Soňra yzygiderlilikde maýyplygy bolan çagalara, hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolan adamlara, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalaryna, köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolan çagalara şeýle hukuk berilýär.
Okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary giriş synaglary üstünlikli tabşyrylandan soň, bäsleşik tapgyrynda döwlet hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanyp bilerler. Taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary boýunça bilim edaralaryna okuwa kabul edilende Türkmenistanyň çempionlaryna we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine şeýle artykmaç hukuklar kepillendirilýär.
Taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralary babatda aýdylanda bolsa, şeýle artykmaç hukukdan milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri peýdalanyp bilerler.
Bulardan başga-da, şeýle artykmaçlykdan peýdalanmaga III topar maýyplygy bolan adamlaryň, çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň, şeýle-de, saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan raýatlaryň hukugy bardyr.
5. Giriş synaglary we giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärleriň bäsleşigi barada giňişleýin düşündiriş!
Ilki bilen, şu ýerde bir kadany aýratyn bellemek we ýatdan çykarmazlyk gerek. Ol hem Kanunda kesgitlenilen kadalara doly we dogry düşünmeýän raýatlarda ýüze çykýan düşünişmezlik bilen baglanyşyklydyr. Ýagny kanunyň degişli bendinde dalaşgäriň, ilki bilen, giriş synaglaryndan üstünlikli geçmelidigi aýdylýar. Muňa garamazdan, düşünişmezlik zerarly käbir raýatlarda kanunda göz öňünde tutulan ýeňillikleriň giriş synaglaryndan soňky bäsleşige däl-de, hut giriş synaglaryna degişlidigi barada nädogry pikiriň döreýän pursatlary bolýar. Şonuň üçin hem, dalaşgäriň durmuş ýagdaýyna garamazdan, okuwa girmek üçin giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrmagyň iň ilkinji şert bolup durýandygyny ýatdan çykarmaly däl.