Şaperi❄️04
11.05.2023 15:15

Indi sazlar ýañlananok sen hakda...

Indi sazlar ýañlananok sen hakda,

Şemallarda görünenok señ keşbiñ.

Sen hakda däl, özüm hakda oýlanýan,

(Gaýdyp geldi maña öñküje kesbim.)

Ýüregiñde ýer almaga dyrjaşyp,

Nijeme peseldim, nijeme ýandym.

Adyñ samrap uklap galdym gijeler,

Oýanamda, adyñ bilen oýandym.

Ruhumy şeýle bir belentde tutdum,

Hoş söz berjegiñe ýetikdi ynam.

Ýöne bir gün senden bölek hat geldi...

- Ýalan!!!

Bu hat ýalan!

Ählisi ýalan!

...Şeýdibem toýuñda myhmanyñ boldum,

Seniñ myhman boluşyñ deý dünýäme.

Öýlänçä öwrülip, bagtymy ezip

Geçdiñ gitdiñ gelişiñ deý dünýäme.

Indi sazlar ýañlananok sen hakda,

Şemallarda görünenok keşbiñem.

Özüñ saza dönüp gursakda galdyñ,

Şemal bolup alyp gitdiñ yşkymam.

Sapa. H

__________________________________________



SENSIZ ÝENE OÑARYN MEN. *. Sensiz aý-günlerem geçip dur,ine, Sensiz urup dur-la bu dertli gursak.

Sensiz beýle bolar diýmedim,ynan,

Sensiz ýaşap boljak ekeni,bilseñ.

*

Ýene sowap geçdi ençe baharlar,

Ýene läle kakýar guşlar daşarda.

Ýene sensizlige alyşan kalbym,

Ýene gözýaş bilen oňup başardy.

*

Oñaryn men öz-özüme igenip,

Oñaryn söýgimi öwrüp heýkele,

Oñaryn hiç kimi günäkärlemän,

Oñaryn men öz-özümden öýkeläp.

*

Men bina galdyrsam goşgy-gazaldan,

Men aýdym aýtsamam joş urup göwnüm,

Men näme etsemem,bilip goý,janym,

Men sensiz ýönekeý boşan bir göwre.

*

Awtor: Bahargül Mämiýewa



__________________________________________


Söýgi wakasy. Uly ýollaryň birinde görki perilere deňelýän ajaýyp bir gyz ýöräp barýardy.

Birdenem ol yzyndan bir adamyň gelýänini duýup, yzyna seredip ol adama şeýle diýipdir:- Siz näme üçin meni yzarlaýaňyz?Ol adam bolsa:- Eý, meniň ejiz ýüregimiň şasy. Seni gözleriň jadysy meni özüne bendi edip, seniň yzyňdan ýöremäge mejbur edýär. Maňa iller sazly şygyr okamakda, zenanlaryň ýüregini söýgüden doldurmagy örän gowy başarýandygymy aýdýarlar.Gözel gyz birnäçe wagtlap adama seredip, soňam şeýle diýipdir:- Sen neneň meni söýüp bilýäň? Meniň özümden kiçi uýam mendenhas hem owadan, maňa garanda özüne gaty gowy seredýär. Ol ana meniň yzymdan ýöräp gelýär, seret oňa.Ýaňky adam sakga durup yzyna seredipdir, çünki öňdäki gyzdan hem owadanyny görjekdi. Emma seredeni hem şoldy welin bir ýapynjaly garry daýzadan başgaadama gözi düşmeýär. Şondan soň hem ädimini çaltlandyryp öňdäki gyzyň yzyndan ýetipdir. Kellesini aşak egip, müýnli sesi bilen:- Gözel gyz, aýt hany maňa, seniň mylaýym diliň nädip beýle zatlary diýip bildikä? – diýip söz gatypdyr.Gyz hem ýylgyryp şeýle jogap beripdir:- Meniň gadyrdanym, sen hem maňa söýgüňi aýdaňda dogry zat aýtmansyň ekeniň. Sen söýgüň kada-kanuny doly derejede bilýäň, maňa bolan söýgüň hem ýürekden diýip ynandyrjak bolýaň. Eger hakykatdan hem şeýle bolsa, sennädip başga gyzlara seredip bilýäň?


18
74
Myhman
12 May 2023
şaperi04 suratdaky senmi
Show
11 May 2023
👍👍👍🙋‍♀️🙋‍♀️ Salam şaperi
okayjy
11 May 2023
# Söýgi setirler... 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.