violinist
11.05.2023 09:49
10 minutlyk film "Ýylyň iň halanan filmi" bolupdyr. Bu filmiň kinoteatrda göreziljegi aýdylypdyr we netijede ýylyň iň gowy filmini görmäge adamlar gelip, kinoteatry doldurypdyrlar.
Kino başlapdyr, ýöne başlananyna garamazdan 7 minutlap şol bir sahna, ýagny, öýüň patalogy we şol patalokdan asylyp duran lýustradan başga zat ýok eken. Adamlar ýylyň iň gowy we iň gysga filminiň 7 minudynyň diňe bir sahna görkezilip üýtgemäninden närahat bolup gygyryp, öz närazyçylyklaryny bildirip ugrapdyrlar we filmiň 8-nji minudynda monitor hereket edipdir we ýokary seredip duran kamera aşaga tarap öwrülipdir. Adamlar görseler aşakda bir diwanda ysmaz keselli gymyldap hem bilmeýän bir ýaş adam ýokary seredip ýatanmyş. Filmiň dowamynda şu sözler bar eken:
"Biz size bu adamyň bütin ömrüniň ähli sagadynda görýän sahnasynyň diňeje 8 minudyny görkezdik we siz şoňa-da sabr edip bilmediňiz. Durmuşyňyzyň her sekundynyň gadryny biliň we şükür ediň!"
19
145
abat
11 May 2023
Menem paýlaşypdym gowy maglumat
SIMPOTYAGA
11 May 2023
Hakykatdanam gowy film bolmaga eye dp hasap etyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.