Degişmeler (iň bolmanda ýylgyrarsyňyz)
Ūç giýewsi bolan gaýynene, giýewleriniń özūni nähili derejede söýýänlerini bilmek ūçin olary kiçiräk synagdan geçirmegi yūregine dūwýär. Bir gūn iń uly giýewsi bilen deńiz kenaryna gezelenje çykýar we gezip ýörkäler özūni deńze oklaýar, giýew haý diýmän yzyndan okdurulýar we gaýynenesini halas edýär. Ertesi gűn giýew öýūniń gapysynda ýagy bilen duran Daewoo Matiz maşyny görýär. Maşynyń aýnasynda bolsa şu ýazgyny "Meni halas edeniń ūçin minnetdar, seni biçak söýýän, Gaýyneneń".
Başga bir gūn ortanjy giýew bilen gezelenje çykýar we gaýynene ýene gark bolýan kişisiräp deńze özūni oklaýar. Ortanjy giýew hem yzyndan ýetişip gaýynenesini halas edýär. Ertesi gūn gapysynda Daewoo Matiz görýär we aýnasynda şu ýazgy " meni halas edeniń űçin minnetdar, seni biçak söýýän, gaýyneneń"
Edil şol senariýany iń kiçi giýew bilenem synap görýär, emma kiçi giýewi näçe çalt ölse şonça gowy diýip pikir edýär we gaýynenesi suwa ýykylan wagty gylynam gymyldatmaýar. Gaýynene suwda gark bolup ölýär. Birnäçe gūn sońra iń kiçi giýew gapysynda ýagy bilen Lexus ES 350 görýär we aýnasynda şu ýazgy "Minnetdar! Seni biçak söýýän! Gaýynatań.
-------------------------------------------
Matematika dersinde mugallym okuwçylara mowzugy düşündirýär:
- Eger bir adam bir atyzy 10 günde sürýän bolsa, şol atyzy 10 adam bir günde sürüp biler. Soňra ol düşünip-düşünmediklerini barlamak üçin okuwçylardan soraýar:
- Hany, sizem şuňa meňzeş mysal getirip bilermisiňiz?Okuwçylaryň biri elini galdyrýar-da şeýleräk mysal getirýär:
-Mysal üçin, bir gämi Atlantik ummanyndan 6 günde ýüzüp geçýän bolsa, şol bir ummany 6 gämi 1 günde ýüzüp geçip biler,mugallym!
-------------------------------------------
Çary kärdeşleriniń biri sowal berýär:
- Sen aýalym boş wagtynyń köpūsini aşhanada geçirýär diýdińmi?
- Hawa, şeýle öz-ä.
- Onda ol hojalyk işlerine gaty yhlaslydyr?
- Yhlasly näme işlesin? Telefonymyz şol ýerde.
--------------------------------------------
Iki talyp özara gūrleşýär:
- Näme ūçin profesor oglan talyplary ýöne ýykyp dur:
- onuń giýewsi woýennikomatda işleýär . Gulluk etmane oglan yetenok diýýär
------------------------------------------
Bozuklykda tanalýan aýal jorasyna zeýrenýär:
- Seredä bu aýalyń ýazýan hatyna menden ärini gaýtaryp bermegini soraýar, ýeri men nireden bileýin diýsene haýsy biriniň onuń äriligini
-----------------------------------------
Iki dos gurleshyar:
-Men señ düşjek halyña gynanyan.
-Men nahili yagdaya duşjekmishim?
-şugun men ayalym bilen öykeleşdik. Ahyry onuñ öykesini yazmak ucin bazara gidip oña taze yaglyk b.n köynek alyp berdim.
-alyp bereniñ gowy zat welin oña meñ näme dahylym bar?
-Meñ ayalym bilen señ ayalyñ ikisi jorada.
-----------------------------------------
Çary Hommadow aýalyna:
- Derwezäniń agzynda sen bilen sagatlap gūrrūń edip duran gelin kimdi?
Aýaly:
- Joram. Öýe girmäge wagtym ýok diýdi.
-----------------------------------------
Iki dayhan gurlešyär:
-Men üytgešik garantga yasadym. Gargalar gorkunjyna yekeje dänäni-de ogurlanoklar.
Beylekisi:
- Meniñ garantgam seniñkiden üÿtgešik. Gargalar gorkunjyna gecen ÿyl ogurlan dänelerinem yzyna getiriberdiler.