Goja
Aýlawda otyrdym. Çat maňlaýymda
Otyrdy çalsakgal, paýhasly garry.
Atlar goýberildi. Dor bilen gyr at.
Ne doruň ugry bar,
Ne gyryň ugry.
Hersiniň üstunde bir çapyksuwar –
Birisi gartaňdy, birisi-jahyl.
Ikisem gamçysyn bulaýlap barýar.
Oňa ol bahyldy.
Ol – oňa bahyl.
Ikisi-de hile baryny gurýar
Özi ozup, dostun galdyrmak üçin.
Goja pyşyrdady sakgalyn sypap:
«Hemişe ejize bahyldyr ejiz!»
...Ýene iki bedew ýaryşa girdi.
Birinjisi bozdy, beýlekisi – al.
Alyň özem zordy, seýisem zordy,
Bozuň özüni-de öwer ýaly däl,
Seýsini-de. Bulaýlaýar gamçysyn
Güýçliniň badyny ýatyrmak üçin.
Goja pyşyrdady sakgalyn sypap:
«Güýçlini hemişe gabanar ejiz!»
...Ýene goýberdiler iki bedewi.
Birisi – alsakgal, biri – dordepel.
Atlaryň ikisem men diýen atdy.
Çapýanlaram biri-birinden beter
Ussatdy. Ne olar gamçy bulaýar,
Ne-de gurjak bolýar başga bir duzak.
Käte-hä dordepel bir burun ozýar,
Käte-de alsakgal geçýär bir gulak.
Seýisleň yzyndan seretdigiňçe
Seredesiň gelýär. Durşuna güýçdi.
Ýene pyşyrdady çalsakgal goja:
«Hiç haçan gabanmaz güýçlüni güýçli»
Bedewleriň bolsa şol çapyp barşy.
Ýeri burugsadýar otly toýnaklar.
Bärde bolsa göge telpek oklanýar,
Hem eller çarpylýar,
Hem-de aýaklar.
Birisi gygyrýar: «Seret depele!»
Beýleki gygyrýar: «Sakgala eset?»
Goja pyşyrdaýar: «Iki güýçlini
Synlamagyň özem ajap bir lezzet!»
Kerim Gurbannepesow